JEMGYÝET

Ýaşulular geňeşi hossarsyz gyzjagaza Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeleri we ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisinde onuň gün tertibine girizilen meseleler boýunça çykyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow Gahryman Arkadagymyza ýakynda doglan we hossarsyz galyp, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenilýän gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen ýüzlendi.

Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň teklibini oňlap, bu çaganyň aýlaryň seresi mukaddes Gurban aýynda doglandygyny nazara alyp, oňa Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat berdi. Munuň özi ýurdumyzda sahawatly senelere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany bolar. Milli Liderimiz ýurdumyzda hossarsyz-howandarsyz çagalaryň ýokdugyny, olaryň arkasynda dag ýaly bolup kuwwatly döwletimiziň durandygyny ýene bir ýola belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

“Ferrari” özüniň ilkinji elektrikli ulagyny tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyga gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalygy kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri