JEMGYÝET

Jeýms Bonduň rowaýaty ulagy satyldy

1964-nji ýylda Jeýms Bond baradaky «Goldfinger» atly meşhur film surata düşürilende ulanylan «Aston Martin DB5» kysymly awtoulag ýakynda geçirilen kim ýokary söwdasynda 6,4 million dollara satyldy.

Bu ulag Kaliforniýanyň Montreý şäherindäki nusgawy awtoulaglaryň dünýädäki iň uly auksionynyň lotlarynyň birinde satyldy. Ony satyn alan millioneriň kimdigi bolsa metbugata aýdylmady.

«The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, ulag garaşylyşyndan hem gymmat baha satyldy. Ol häzir taryhdaky iň gymmat DB5-dir.

― Auksionda rekordyň goýlandygyny, galyberse-de, ulaga gyzyklanmalaryň örän ýokary bolandygyny hasaba alyp, bu DB5-i dünýäniň iň meşhur awtoulagy hasaplap bolar ― diýip, auksioner Barni Rupreht aýdýar.

Related posts

Türkmenistan’dan “Vatandaşlığa kabul” kararı

vepa

Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Halk Maslahaty bilen Federasiýa Geňeşiniň arasynda ylalaşyga gol çekildi