TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

«Türkmentelekom» kompaniýasy ýurtda sanly hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, “TELECOMWIFI” simsiz ýokary tizlikli internet toruny ösdürmegi dowam etdirýär. Häzirki wagtda birikdiriş nokatlary Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda işleýär.

“TELECOMWIFI” ulgamy halkara howa menzillerinde, demir ýol wokzallarynda we awtomenzillerde, söwda-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde, myhmanhanalarda, şypahanalarda, internet-kafelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde hereket edýär. Paýtagtda giriş nokatlary Aşgabat halkara howa menzilinde, Olimpiýa şäherçesinde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, poçta bölümlerinde we köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde ýerleşdirildi.

Welaýatlarda hyzmat, hususan-da, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Kerki we Mary halkara howa menzillerinde, şeýle hem “Arçman”, “Baýramaly”, “Mollagara” we «Nebitçi» şypahanalarynda elýeterlidir. Mundan başga-da, hyzmat myhmanhanalarda, söwda merkezlerinde we ulag menzillerinde hem hödürlenýär.

TELECOMWIFI giriş nokatlarynyň doly sanawyny we hyzmat barada giňişleýin maglumatlary «Türkmentelekomyň» resmi web sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Related posts

“Apple” müşderilerine 95 million dollar tölär

1 million sanysy satylan ilkinji elektrik ulagy

“Samsung S22” fewral aýynda hödürlenjekdigi öňe sürülýär