Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün Hamallar üçin birneme asuda we adaty geçip biler. Siz möhüm wakalara, täsirli pursatlara ýa-da işleriňizde uly öňegidişlige garaşan bolsaňyz günüň birneme içgysgynç ýaly görünmegi mümkin. Şeýle-de bolsa bu ýagdaýyň hem öz peýdaly tarapy bolar. Siz gündelik işlere başgaça nazar bilen seredip öň göze ilmedik ownuk ýöne möhüm zatlary duýup bilersiňiz. Bu gün howlukyp möhüm karar kabul etmek maslahat berilmeýär. Seresaplylyk we oýlanyşykly hereket etmek has dogry bolar. Ýakyn adamlaryňyz ýa-da köne dostlaryňyzyň maslahatlaryna gulak asmak size peýda getirer. Täze tanyşlyklarda bolsa howlukman adamlaryň sözlerine däl-de hereketlerine üns bermek zerurdyr. Esasanam romantik gatnaşyklarda seresaply bolmak maslahat berilýär.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün Sowurlar üçin içki duýga ynanmak aýratyn möhüm bolar. Siz diňe bir duýgy bilen däl, eýsem amaly meselelerde hem dogry çözgüt tapyp bilersiňiz. Kim bilen hyzmatdaşlyk etmelidigi haýsy teklibi kabul etmek ýa-da ret etmek baradaky pikirleriňiz dogry çykar. Çylşyrymly ýaly görünýän meseleleriň çözgüdi garaşylandan ýeňil tapylar. Maliýe ýagdaýynda oňyn üýtgeşmeleriň bolmagy mümkin. Köne berginiň yzyna gaýtarylmagy ýa-da goşmaça girdeji çeşmesiniň peýda bolmagy ähtimaldyr. Şeýle-de bolsa puluňyzy howlukyp harçlamazlyk maslahat berilýär. Keýpiňiziň ownuk zatlar sebäpli ýygy-ýygydan üýtgemegi mümkin. Şonuň üçin daş-töwerekdäki adamlaryň hereketlerine aşa duýgur çemeleşmezlik peýdaly bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün üstünlikli we ýakymly mümkinçiliklerden doly bolar. Näçe ir sizi gyzyklandyrýan işe başlasaňyz şonça köp peýda görersiňiz. Irden okuw döredijilik işleri täze gyzyklanmalary gözlemek we sizi ylhamlandyryp biljek adamlar bilen söhbetdeşlik üçin amatly bolar. Hut şu gün size hakykatdanam şatlyk berýän işiň haýsydygyna düşünmegiňiz mümkin.Köp meseleler garaşyşyňyzdan ýeňil çözüler. Öň ynam ýetmeýän ýerlerde indi hemme zat dogry ugra gidýän ýaly duýgy peýda bolar. Dostlar bilen meýilnamalary maslahatlaşyp duşuşyklary gurap geljekki syýahat üçin ugur saýlap ýa-da dynç günlerini nähili geçirmelidigi barada pikir edip bilersiňiz.Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz has ýyly bolar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün Seretanlar üçin möhüm we jogapkärçilikli günleriň biri bolup biler. Käbir ýagdaýlar sizden sabyrlylygy, ünsli bolmagy we ýagdaýlara dogruçyl seretmegi talap eder. Şeýle-de bolsa öň gazanylan tejribäňiz ähli meselelerde dogry çözgüt tapmaga kömek eder. Siz öň ýarymçyk galan ýa-da wagtlaýyn goýbolsun edilen işleri täzeden dowam etdirmek isläp bilersiňiz. Indi şol meýilnamalar öňküsinden has hakyky we amala aşmaga ýakyn ýaly görünýär. Ýakyn adamlaryň sözlerine aşa duýgur çemeleşmezlik maslahat berilýär. Jedelli ýagdaýlarda dessine jogap bermek däl-de ilki bilen ýagdaýy oýlanyşykly seljermek peýdaly bolar. Açyk we asuda gürrüňler gatnaşyklary gowulandyrmaga kömek eder.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün üstünlikli geçer. Ir säherden özüňizi örän güýçli we işjeň duýarsyňyz. Birnäçe işe dessine girişmek islegi ýüze çykar we köp ýagdaýda bu dogry karar bolar. Siz işleri nähili guramalydygyny kimden näme soramalydygyny we nirede başlangyç görkezmegiň gerekdigini tiz düşünersiňiz. Iň uly üstünlikleri gowy giňişleýin pikirlenmek we adamlary öz ideýaňyz bilen ruhlandyrmak gerek bolan ýerlerde gazanarsyňyz.
Satyn alyş etmek öý üçin zatlar sowgatlar egin-eşik bezeg serişdeleri ýa-da uzak wagt bäri almak islän zatlaryňyzy saýlamak üçin amatly gün bolar. Günüň ikinji ýarymynda ýakymly tanyşlyklar bolup biler käbir adamlar siz bilen gepleşesi bir ýere çagyrasy ýa-da gyzykly teklip hödürläsi geler. Romantik gatnaşyklaryň başlanmagy hem mümkindir. Täze gatnaşyklar örän çalt ösüp biler we bu sizi begendirer.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleler üçin bu gün täze işe başlamakdan has köp öňden dowam edip gelýän işleri tamamlamak üçin amatlydyr. Siz uzak wagt bäri yza goýlan meseleleri tertibe salyp möhüm işleriňizi üstünlikli tamamlap bilersiňiz. Köne tanyşlaryň ýa-da öňden aragatnaşyk saklanmadyk adamlaryň özlerini ýatlatmagy mümkin. Şeýle duşuşyklar ýa-da gürrüňler täze mümkinçilikleriň açylmagyna sebäp bolup biler. Ýakyn gatnaşyklar bilen bagly meselelerde ilkinji ädimi etmek peýda getirer. Şeýle-de bolsa ähli jedelli meseleleri bir wagtda çözmäge synanyşmazlyk maslahat berilýär. Maliýe babatda bolsa tötänleýin çykdajylardan saklanmak zerurdyr.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün köp zat öňküsinden ýeňil bolar. Siz ilkinji nobatda näme bilen meşgullanmalydygyňyza tiz düşünersiňiz we soňky döwürde köp güýç talap eden işleriňizde öňe gidişlik gazanarsyňyz. Islendik meselä döredijilikli çemeleşmek we adaty zatlara üýtgeşik göz bilen seretmek ukybyňyz size örän peýdaly bolar. Şeýle bir pikir döräp biler welin ol hem size hem daşdakylara dessine ýarar.Guramaçylyk ukybyňyzy görkezmek üçin mümkinçilik bolar. Siz adamlary gyzyklandyryp pikirleriňizi düşündirip we her kimiň özüni möhüm duýmagyny üpjün edip bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda saglygyňyz has gowy bolar, güýjüňiz garaşyşyňyzdan köp bolar. Şonuň üçin bu gün işjeň dynç alyş, ýakymly syýahatlar ýa-da uzak wagt bäri gaýtadan dowam etdirmek islän işleriňiz üçin amatlydyr. Edilmeli iş köp bolsa-da, siz hemme zada ýetişersiňiz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Akraplar üçin bu gün adaty ýaly görünse-de, soňundan peýdaly mümkinçilikleriň açylmagyna sebäp bolup biler. Täze meýilnamalar we geljege degişli pikirler peýda bolar. Şeýle-de bolsa ähli zady dessine amala aşyrmaga howlukmazlyk möhümdir. Takyklyk we üns talap edýän meselelerde seresaplylyk zerurdyr. Resminamalar hasaplamalar ýa-da satyn alyşlar bilen bagly ýagdaýlarda ähli maglumatlary gaýtadan barlamak peýda getirer. Ýakyn adamlaryňyz bilen gatnaşyklarda düşünişmek we sazlaşyk höküm sürer. Syýahat meýilleşdirýänler üçin günüň ikinji ýarymy has amatly bolar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün hemme zat ilkinji synanyşykda başa barmagy mümkin däl, köp ýagdaýlar garaşyşyňyzdan haýal ösüp biler. Muny rahat kabul etmäge çalşyň.Siz rahat keýpiňizi saklasaňyz köp zady gowy tarapa üýtgedip bilersiňiz. Üstesine-de oňyn täsirler kem-kemden güýçlener.Günüň başy döredijilik güýmenje adaty bolmadyk işler we gündelik aladalardan daşlaşmaga kömek edýän ähli zatlar üçin amatly bolar. Gowy hatda batyrgaý pikirleriň döremegi hem mümkin. Günüň ikinji ýarymynda pul meseleleriňizde has seresap boluň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Jediler üçin bu gün tutanýerlilik we jogapkärçilik möhüm bolar. Siz öňden bäri çözülmän gelýän meseleleri üstünlikli tamamlap bilersiňiz. Öý işleri maşgala meseleleri ýa-da amaly çemeleşmegi talap edýän işler aýratyn gowy netije berer. Käbir ýagdaýlarda garaşyşyňyzdan has köp jogapkärçiligi öz üstüňize almaly bolarsyňyz emma munuň netijesi peýdaly bolar. Ýakynlaryňyz bilen ownuk düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy mümkin, ýöne sypaýyçylyk we sabyrlylyk ähli dartgynlyklary ýeňip geçmäge kömek eder. Öz pikirleriňizi asuda düşündirmek gatnaşyklary gorap saklamak üçin möhümdir.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Sizi ajaýyp gün garaşýar. Ýagdaýlar üstünlikli utgaşar we siz muny nähili peýdalanmalydygyny tiz düşünersiňiz. Öň bulaşyk ýaly görünýän zatlar indi has düşnükli bolar täze işler bolsa göz öňüne getirişiňiz ýaly kyn bolmaz. Siz detallary aňsatlyk bilen öwrenip gerek maglumatlary tapyp we olary peýdaly ulanyp bilersiňiz.Ýakymly maliýe habarlary üstünlikli satyn alyşlar ýa-da garaşmadyk ýerde tygşytlamak mümkinçiligi bolup biler. Emma günüň esasy gymmatlygy diňe amaly meseleleriň çözgüdinde bolmaz. Peýdaly bir zat öwrenmek, gyzykly adamlar bilen tanyşmak ýa-da geljekde peýda getirjek pikirleri ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligi ýüze çykar. Günüň ikinji ýarymynda size gymmatly adamdan möhüm we örän ýakymly habar gelmegi mümkin.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün Hutlar üçin rahatlyk we içki deňagramlylyk aýratyn möhüm bolar. Işlere ünsüňizi jemlemek öňküsinden kyn bolup biler şonuň üçin özüňizi aşa köp iş bilen ýüklemezlik maslahat berilýär. Käbir meýilnamalaryň başga güne geçirilmegi mümkin emma muny alada hökmünde kabul etmek zerur däl. Ýakyn adamlaryň goldawy we ýerlikli maslahatlary size uly kömek eder. Şeýle-de bolsa diňe özüňize laýyk gelýän pikirleri kabul etmek möhümdir. Günüň ikinji ýarymynda soňky döwürde ýüze çykan meseleleri başgaça çözmäge mümkinçilik berýän maglumat peýda bolup biler. Şeýle hem garaşylmadyk habarlar sowgatlar ýa-da ýakymly duşuşyklar keýpiňizi göterer.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
