Bu gün meýilleşdirýän işiňizi lkinji nobatda öz güýjüňize daýanyp amala aşyrmaly bolarsyňyz. Pikirleriňizi goldajak we size kömek berjek hyzmatdaşlary tapyp bilersiňiz. Şeýle hem başlangyçlaryňyzyň daş-töwerekdäki adamlar tarapyndan kabul edilmezligi hem ahmal. Esasy zat ruhdan düşmäň siz ýeke özüňiz hem öňüňizde goýan maksatlaryňyza tarap ynamly öňe gidip bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda bolsa ýakyn adamlaryňyz bilen bilelikde geçiriljek wagt size uly netijeleri getirer.Ozal düşünişmezlik döreden meseleleriňizi arkaýyn ara alyp maslahatlaşmak hem-de özara ylalaşyk gazanmak başardar.
Bu gün ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolar we pursatlar siziň garaşanyňyzdan hem has şowly bolar. Siz bu gün amatly şertleri öz bähbidiňize tarap ulanmagy başarmalysyňyz. Mysal üçin, köpden bäri amala aşyrmak isleýän meýilnamalaryňyza badalga berip bilersiňiz.Şowlulyk siziň hemraňyz bolar, zerur wagtda gerekli ýerde bolmagyňyz, geljekde peýdasy degjek ynamdar adamlar bilen duşuşmagyňyz we gapma-garşylykly ýagdaýlarda dogry karara gelmegiňiz gaty ahmaldyr. Günüň ilkinji ýarymy hoş habarlar bilen başlar. Dostlaryňyzyň gyzykly teklipleri etmegi ýa-da ýakynlaryňyzyň goldawy bilen amala aşyryp biljek täze ideýalaryňyzyň döremegi gaty mümkindir. Günüň dowamynda diňe bir döredijilikli çemeleşmäni däl, eýsem, takyklygy we jikme-jikligi talap edýän işler üçin amatly wagt dörär.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün siziň özboluşly hereketleriňiz we orta atjak batyrgaý ideýalaryňyz daş-töwerekdäkilerde uly täsir galdyrar. Täze tanyşlaryňyzyň arasynda siz bilen derrew dostlaşmak isleýänleriň tapylmagy gaty mümkindir. Galyberse-de, täze bir söýgi taryhynyň başlanmagy hem garaşylýan pursatlaryň biridir.Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda sabyrlylyk möhümdir.Bu gün täze tanyşan adamlaryňyza garanyňyzda ýakynlaryňyz bilen düşünişmek biraz kynyrak bolar. Ozal dörän köne düşünişmezlikler garaşylmadyk pursatda ýüze çykyp, gatnaşyklary ýitileşdirip biler. Şeýle pursatlarda gapma-garşylyklary parahat ýol bilen çözmäge çalyşyň we kalbyňyzyň sesine gulak asyň. Hut şu duýgy size nähili hereket etmelidigini görkezer we meseleleriňizi ara alyp maslahatlaşanyňyzda dogry sözleri tapmaga kömek eder.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün durmuşyňyzda adaty bolmadyk täzeçe usullary synap görmegiň hakyky wagty geldi. Aýratyn-da, ozal adaty usullar bilen çemeleşip, şowsuzlyga uçran işleriňizi şu şenbe gününde gaýtadan ele almak has netijeli bolar. Sebäbi bu gün maksadyňyza ýetmegiň täsirli we özboluşly ýoluny tapmak başardar. Şeýle-de, durmuşyňyzyň akymyny oňat tarapa üýtgetmäge, endik bolan adaty zatlary has-da kämilleşdirmäge amatly pursat dörär. Diňe bir özüňiz üçin däl, eýsem, ýakynlaryňyz üçin hem köp sanly peýdaly işleri amala aşyrarsyňyz, olar bolsa munuň üçin size tüýs ýürekden minnetdar bolarlar.Günüň ikinji ýarymy hem sizi ýakymly täzelikleri bilen begendirer. Bu habarlaryň köp zähmet siňdiren döredijilikli taslamalaryňyz ýa-da zähmet işjeňligiňiz bilen baglanyşykly bolmagy gaty ahmaldyr. Ýetilen sepgitler size täze güýç we ylham berer.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün durmuşyňyzda örän şowly döwürleriň biri bolar. Ilkinji nobatda köpden bäri uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan hoş habarlaryňyzy getirer. Ikinjiden ozal dürli sebäplere görä yza süýşürip gelýän işleriňizi aňsatlyk bilen durmuşa geçirmäge amatly şertler dörär. Üçünjiden bolsa çynlakaý bir taslamaňyza gaýtadan dolanmaga ajaýyp mümkinçilik dörär.Eger-de meýilnamalaryňyz barada durmuş tejribesi bolan dostlaryňyza gürrüň berseňiz olar size uly höwes bilen ýardam bererler. Siziň üçin edil şu wagt zerur bolan teklipleriň öňe sürülmegi ýa-da gaty peýdaly maglumatlaryň paýlaşylmagy gaty ahmaldyr. Günüň dowamynda ýakymly duşuşyklar hem garaşylýar.Günüň ikinji ýarymy hojalyk we öý işleri bilen meşgullanmak üçin has amatlydyr. Daş-töweregiňizi has owadan we ýakymly gurşawa öwürmek islegi dörär.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün hemme zadyň şowly bolmagy ilkinji nobatda siziň görkezjek sabyr-takatyňyza baglydyr. Özüňiz üçin düýbünden täze bolan işlere başlanyňyzda birden ýokary netijeleri gazanmagy talap etjek bolmaň. Ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolar, emma käbir ownuk kynçylyklaryň ýüze çykmak ähtimallygy hem ýok däl. Günüň dowamynda guruljak ýakymly söhbetdeşlikler köpden bäri kalbyňyzda aýratyn orun eýeleýän ynsana täzeçe garaýyş bilen seretmäge ýardam eder. Romantik duşuşyklaryň öňünden meýilleşdirilen meýilnamadan tapawutly geçmegi mümkindir, emma hut şu garaşylmadyk öwrüm ony has-da ýatda galyjy we gyzykly eder. Şahsy durmuşynda täze sahypa açmak isleýänler üçin bolsa bu gün täze we kalba ýakyn tanyşlyklary gurmaga ajaýyp şertler dörär. Günüň ikinji ýarymy söwda etmek we durmuşyňyza täze öwüşginleri goşmak üçin amatlydyr. Özüňize täzeçe keşp bermek we ruhuňyzy götermek üçin dürli şaý-sepleri, ajaýyp lybaslary saýlap bilersiňiz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu döwürde Kowus wekilleri üçin professional ugurda we şahsy durmuşda täze badalgalary almak üçin diýseň amatly şertler dörär. Ozal amala aşyrmaga çekinen ýa-da aşa çylşyrymly görnen taslamalaryňyza gaýtadan dolanmak we olary durmuşa geçirmegiň netijeli, özboluşly ýollaryny tapmak başardar. Ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolar, şol sebäpli her bir işe batyrgaý we öz güýjüňize ynamly girişip bilersiňiz. Daş-töwerekdäkiler siziň öňe sürjek täze ideýalaryňyzy uly höwes bilen goldarlar.Günüň dowamynda işewürlik we hojalyk meseleleri bilen baglanyşykly geleşikleri geçirmek hem-de maşgala agzalary üçin zerur satyn alyşlary etmek şowly bolar. Käbir garaşylmadyk pul girdejileriniň ýüze çykmak ähtimallygy hem ýok däl, bu bolsa siziň maliýe şertleriňizi has-da berkider.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün köpden bäri dowam edip gelýän bulaşyklyklary aradan götermäge hem-de soňky döwürde aşa köp üns talap eden meseleleriňizi doly çözmäge amatly şertler dörär.Siz daş-töwerekdäkileriň ikirjiňlenýän we şübhelenýän pursatlarynda, siz haýsy çözgüdiň amatly we bähbitli boljakdygyna bada-bat göz ýetirmegi başarsyňyz.Günüň ortalarynda maşgala meýilnamalary zerur satyn alyşlar meýilleşdirilýän syýahatlar ýa-da umumy çykdajylar bilen baglanyşykly çynlakaý gepleşikleri geçirmek üçin hem örän amatlydyr.
Bu gün her bir meselä çynlakaý düýpli we esasly çemeleşmegi talap edýän günleriň biridir. Hatda gaty çylşyrymly bolmadyk adaty wezipelerde hem gutarnykly çözgütleri kabul etmäge howlukmaň. Garaşylmadyk täsirleriň yzyna düşüp hereket etmek ýa-da diňe özüne çekiji bolandygy üçin her bir teklibe bada-bat razylyk bermek maslahat berilmeýär. Daş-töwerekde bolup geçýän wakalara näçe parahat we durnukly baha berseňiz ownuk ýalňyşlyklardan gaça durmak şonça-da aňsat bolar.Günüň dowamynda ýanyňyzda hemişe daýanyp biljek ynamdar adamlaryňyz bolar. Dostlaryňyz ýa-da ýakynlaryňyz siziň haýyş eden pursatyňyzda size uly höwes bilen ýardam bererler. Köpden bäri çözgüdini tapman, sizi oýa batyryp gelenmeseleleriňizi hut şolaryň goldawy arkaly doly çözmegiňiz gaty ahmaldyr. Emma muňa garamazdan, ähli zady töwerekdäki adamlaryň üstüne ýüklemekden saklanyň olaryň gatnaşmagy peýdaly bolar, ýöne gutarnykly çözgüt baribir siziň şahsy jogapkärçiligiňizde galmalydyr.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu döwürde Hut ýyldyzynyň wekilleri üçin hemme zadyň öz-özünden aňsatlyk bilen şowly bolup gitmegi gaty ahmal däl. Emma muňa garamazdan siz ýüze çykjak islendik çylşyrymly ýagdaýdan nähili bähbit taparapyny tapmalydygyna bada-bat göz ýetirersiňiz. Bu gün siziň tejribäňiz we durnukly pähimiňiz uly ýardamçyňyz bolar. Şol tejribäniň saýasynda täze we amatly mümkinçilikleri gazanyp bilersiňiz.Eger-de çynlakaý bir taslama ýa-da möhüm işe baş goşan bolsaňyz ony doly we durnukly eýermek maslahat berilýär. Günüň ikinji ýarymynda maliýe meselelerinde girdejileri artdyrmaga amatly şertler dörär. Maksadyňyza ýetmek üçin durnuklylygy saýlap, goşmaça zähmet çekmeli we tutanýerlilik görkezmeli bolarsyňyz.
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
