JEMGYÝET

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň melisi geçirilýär. “Garagum” myhmanhanasynda gecirilen bu mejlisiň işine “Ata Watan Media” topary hem gatnaşýar.

Mejlisiň çäklerinde GDA-nyň ýaşlar paýtagtyny saýlamak işine seredildi. 2027-nji we 2028-nji ýyllarda GDA-nyň ýaşlar paýtagty üçin hödürlenen dalaşgärler kesgitlendi.

2027-nji ýylda Belarusyň Minsk şäheri GDA-nyň ýaşlar paýtagty diýlip yglan edildi. Şeýle hem 2028-nji ýylda bolsa, GDA-nyň ýaşlar paýtagty wezipesini Gazagstanyň Garaganda şäheri alyp barar.

Arkalaşygyň şäherleriniň biriniň bir ýylyň dowamynda ýaşlar başlangyçlarynyň döwletara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrülmegini göz öňünde tutýan halkara ynsanperwer taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine 2024-nji ýylda Özbegistanda badalga berildi. Daşkentden, Gabaladan we Gapandan soňra, Minsk şäheri bu başlangyjy alyp barar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan wekilçilik edýän mejlisine Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýew, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Täjigistan Respublikasynyň premýer-ministri Kohir Rasulzoda we GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.

Related posts

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

BAE Türkmenistanyň tebigy gazyny sebit ýurtlaryna ibermek taslamasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Kadınlar Günü nedeniyle Para Hediyesi Takdimi yapılacak

vepa