JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Si Szinpiniň 4 sany ählumumy başlangyçlaryny goldaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen bolan söhbetdeşliginde  Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini nähili lider hökmünde görýärsiňiz diýen sowala şeýle jogap berdi.

– Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen bizi mähirli dostluk baglanyşdyrýar. Köp ýyllaryň dowamynda biz ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýduk. Giň möçberli bilelikdäki taslamalary amala aşyrdyk. Sebit we ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi gazanmak üçin mümkinçiliklerimizi hem-de tagallalarymyzy birleşdirdik. Başlyk Si bilen gatnaşyklarymyz hemişe açyklygy, özara ynanyşmagy hem-de aç-açanlygy bilen tapawutlanýar.

Hytaýyň milli bähbitlerini erjel we aýgytly goramagy, örän möhüm halkara soraglara jogapkärli çemeleşmegi Si Szinpine dünýä derejeli lider hökmünde abraý we hormat getirdi. Onuň ýolbaşçylygynda Hytaý ähli ugurlarda ajaýyp üstünlikleri gazanyp, geljek üçin maksatnamalaryny düzýär. Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hem-de Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň ýakynda geçirilen sessiýalarynyň netijeleri we şolarda kabul edilen çözgütler hem muny doly tassyklaýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, hytaý halkyny şu wajyp waka bilen gutlaýaryn.

Başlyk Siniň halkara işi barada aýdylanda, onuň öňe süren dört sany ählumumy başlangyjyny bellemek isleýärin. Olar Ählumumy howpsuzlyk, Ählumumy siwilizasiýa, Ählumumy ösüş, Ählumumy dolandyryş başlangyçlarydyr. Men bu başlangyçlara ähli adamzat üçin strategik ähmiýetli we möhüm şertler hökmünde garaýaryn. Başlyk Siniň bu dört başlangyjy Türkmenistanyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýaly ählumumy başlangyçlarynyň many-mazmunyna we strategik ugruna laýyk gelýär. Bular biziň ýurtlarymyza hyzmatdaşlyk etmegiň has netijeli şertlerini hem-de mümkinçiliklerini açýar.

Men dünýäde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň örän möhüm daýanjy bolan beýik Hytaý döwletini ösdürmekde Si Szinpiniň lider hökmünde aýgytly orny eýeleýändigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, sözümiň ahyrynda «Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar» diýesim gelýär. Hormatly Si Szinpine — beýik şahsyýet, dünýä derejeli lidere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Hytaýyň halkyna bolsa gülläp ösüş arzuw edýärin.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna badalga berdi

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys