JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Ikiçäk duşuşyk Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarowyň adyndan mähirli salamyny we döwlet Baştutanynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ikiçäk duşuşygyň dowamynda gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygynyň gün tertibindäki birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, energetika hem-de ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklary berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Related posts

Türkmenistan we BMG uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrlar

“Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi

Türk genç kemancı Selin Samsar, Aşkabatlıları büyüledi

vepa