Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Irden aragatnaşykda käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Hatda ýönekeý meseleleri hem birnäçe gezek düşündirmeli bolmagyňyz mümkin. Sizi gowy tanaýan adamlar hem ilki bilen pikirleriňize doly düşünmezler. Şeýle ýagdaýda ilkinji ädimleri özüňiz ätmek has dogry bolar. Wagtyň geçmegi bilen hemmeler siziň dogry ýoldadygyňyza göz ýetirerler we goldaw berýänler hem köpeler.Ownuk zatlara aşa üns bermäň. Siz häzirki wagtda sözlere öňkiden has duýgur çemeleşýärsiňiz.Günüň ikinji ýarymynda ýagdaýlar ep-esli gowulanar. Gyzykly işler peýda bolar, siz bolsa olara uly höwes bilen girişersiňiz. Işde üstünlik gazanmak isleýän Hamallar öz mümkinçiliklerini görkezmäge müňkinçilikleri bolar. Üstünlikleriňiz barada gürrüň etmekden çekinmäň  bu size täze we peýdaly teklipleriň gelmegine sebäp bolup biler.
Söýgi gatnaşyklary üçin hem gün örän amatly bolar. Romantik garaşylmadyk ýagdaýlar, sowgatlar ýa-da duýgy bildirişleri mümkin. Agşam ýüregiňize ýakyn adam bilen açyk gürrüň etmek üçin amatly wagt.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk üçin örän amatly bolar. Meňzeş pikirli adamlar bilen duşuşyk geçirmek, täze meýilnamalary maslahatlaşmak ýa-da döredijilikli pikirleri paýlaşmak üçin gowy mümkinçilikler dörär. Goldaw almagyňyz özüňize bolan ynamy artdyrar we işleri çalt başlamaga kömek eder.Bilelikdäki taslamalarda üstünlik gazanmak mümkin. Emma ähli jogapkärçiligi diňe öz üstüňize almaň. Maliýe meselelerinde hem üstünlik garaşýar. Köp Sowurlar möhüm maliýe soraglaryny ýeňillik bilen çözüp bilerler. Garaşylmadyk ýerden pul gelip biler. Uly bolmasa-da bu  meýilleşdirilmedik satyn alyşlar üçin ýeterlik bolar.Şahsy gatnaşyklar hem oňyn ösüş bolar. Ýakynlaryňyza  goldaw berip bilersiňiz ýa-da möhüm maslahatlary beripbilersiňiz. Öňden bäri gürrüň etmegi meýilleşdirýän çylşyrymly mowzuklaryňyzy hem ýeňillik bilen ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Soňky wagtlarda durmuşynda üýtgeşiklik isleýän Jöwzalar üçin   bu gün täze başlangyçlar  amatly bolar. Içki duýgyňyz hereket etmegiň wagtynyň gelendigini görkezer we ol sizi ýalňyşdyrmaz. Ýagdaýlar üstünlikli emele geler, ilkinji netijeler bolsa uzak garaşdyrmaz.Şeýle-de bolsa, ähli meseleleri bir wagtda çözmäge synanyşmaly däl. Adatça köp işi bir wagtda ýerine ýetirip bilýän bolsaňyz-da, bu gün şeýle usul ýalňyşlyklara getirip biler. Käbir möhüm maglumatlary gözden salmagyňyz mümkin.Iş we maliýe meselelerinde öňünden düzülen meýilnamalara eýermek maslahat berilýär. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Köne öýke-kine ýene-de ýadyňa düşmegi mümkin. Şonuň üçin duýgulary köşeşdirip, biri-biriňize wagt bermek möhüm bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Günüň başlanşy ýakymly we rahat bolar. Wakalar howlukmazdan öser  bu bolsa size meýilnamalaryňyzy täzeden gözden geçirmäge, möhüm meseleleri tertibe salmaga mümkinçilik berer. Eger kömek gerek bolsa, kimiň goldawyna ýüz tutjagyňyzy hem öňünden kesgitläp bilersiňiz.Aragatnaşykda içki duýgyňyza ynanyň. Hut şol size kyn adamlar bilen gepleşikde dogry sözleri tapmaga, ýakyn adamyňyzyň keýpini duýmaga we artykmaç sözlerden gaça durmaga kömek eder.Iş babatda gün üstünlikli geçer. Siz meseleleri howlukmazdan, biri-biriniň yzy bilen çözersiňiz. Gereksiz gürrüňler işiňize päsgel bermez, gerekli maglumatlar bolsa wagtynda gelip gowşar.Şahsy gatnaşyklarda oňyn täsirler agdyklyk eder. Esasanam günüň ikinji ýarymy dostlar bilen duşuşyk, romantik agşam ýa-da maşgala çäreleri üçin örän amatly bolar. Öýde şatlykly ýagdaýyň döremegi hem mümkin.
 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün üstünlikli geçip biler, eger özüňiz gereksiz kynçylyk döretmeseňiz. Esasy synag aragatnaşyk bilen bagly bolar. Şonuň üçin işdeşler we hyzmatdaşlar bilen aýratyn edepli we seresap bolmak maslahat berilýär.Hatda ownuk düşünişmezlik hem bilelikdäki işe päsgel berip biler. Eger pikirleriňiz derrew goldaw tapmasa, göwnüňize almaň. Käwagt adamlara täze tekliplere baha bermek üçin wagt gerek bolýar. Az salymdan soň size goldaw berýänler hökman tapylar.Gündelik işleri üstünlikli ýerine ýetirersiňiz, ýöne ähli zada bir wagtda ýapyşmaly däl. Ilki möhüm meseleleri çözüp, soň beýleki işlere geçmek has netijeli bolar. Täze tanyşlaryňyz tarapyndan kömek teklip edilmegi mümkin, emma olaryň ýerine ýetirýän işlerini barlap durmak zerur bolar.Ýakyn adamlaryňyza aýratyn üns bermek möhümdir. Gatnaşyklaryň ösmegi üçin bu gün düşünişmezlikleri wagtynda ara alyp maslahatlaşmak zerur.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Siz tertip-düzgüni gowy görýändigiňiz we ownuk zatlara çenli üns berýändigiňiz sebäpli köp ugurda üstünlik gazanarsyňyz. Ilkibaşda işleriň juda köpdügi ýaly görünmegi mümkin, emma ýagdaýy sowukganly seljerseňiz, haýsy meseleleriň derrew çözülmelidigine aňsatlyk bilen düşünersiňiz.
Şeýle-de bolsa, beýleki adamlar bilen gatnaşyklarda aşa talapkärlik päsgel berip biler. Siz başgalaryň ýalňyşlyklaryny gaty ýiti kabul edip bilersiňiz. Aslynda bolsa köp ýagdaýda gürrüň diňe ownuk kemçilikler barada gider. Emma bellikleriňizi has ýumşak görnüşde aýtmak maslahat berilýär. Şeýle etseňiz söhbetdeşleriňiz sizi has gowy düşünerler.Bu gün tejribeler we duýdansyz üýtgeşmeler üçin amatly däl. Öň taýýarlanan meýilnamaňyza eýermek iň dogry çözgüt bolar. Ýakynlaryňyz täze pikirleri teklip edip bilerler, emma siz öz garaýşyňyzy rahat düşündirip bilersiňiz. Netijede olar sizi goldarlar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Möhüm işleri meýilleşdirýänler bu güni ygtybarly hyzmatdaşlary gözlemek bilen başlamaly. Siziň pikirleriňizi goldajak we olaryň durmuşa geçirilmegi üçin tagalla etjek adamlar bilen duşuşmak mümkinçiligi ýokary bolar. Täze kömekçiler hiç hili garşylyklaýyn peýda garaşmasalar-da, olaryň goldawyna mynasyp baha bermek möhümdir. Hut şeýle çemeleşme geljekdäki berk gatnaşyklary döretmäge kömek eder.Işewür gepleşikler üstünlikli geçer.Emma maliýe meselelerinde aýratyn seresap bolmak zerurdyr. Käbir adamlar size peýdasyz şertleri hödürläp bilerler .Pul bilen bagly ähli meselelerde sowukganlylyk we ünsli bolmak artykmaç çykdajylardan gaça durmaga kömek eder.Duýgy taýdan gün birneme çylşyrymly bolup biler. Şeýle ýagdaýda sizi ruhlandyrýan iş bilen meşgullanmak, gözel ýerlere gitmek ýa-da öň size şatlyk beren güýmenjäni ýatlamak peýdaly bolar. Ýakyn adamyňyz bilen bile wagt geçirmek gatnaşyklaryňyzy has-da berkidip biler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün möhüm we çylşyrymly bir işde üstünlik gazanmak mümkin. Uzak wagtdan bäri üstünde işleýän meseläňiz garaşylmadyk ýagdaýda üstünlikli tamamlanyp biler. Hatda öň mümkin däl ýaly görünýän ýagdaýlar hem häzirki wagtda oňyn çözgüt tapar.Şeýle-de bolsa, howlukmak maslahat berilmeýär. Bu gün ownuk zatlara üns bermek aýratyn möhümdir. Siz ýagdaýy umumylykda gowy görýärsiňiz emma käbir ownuk ýagdaýlar netijä güýçli täsir edip biler. Şeýle pursatda tejribeli we synçy adamlaryň maslahatlaryna gulak asmak peýdaly bolar.Maliýe meselelerinde hem üstünlik garaşýar. Siz ýagdaýlara örän amaly taýdan çemeleşersiňiz. Şeýle çemeleşme girdeji gazanmak mümkinçiligini artdyrar.
Uzak ýerlerden gelen habarlar sizi begendirip biler we meýilnamalaryňyza üýtgeşme girizmegi mümkin. Käbir Akraplar soňky döwürde aladalanýan adamlaryndan habar alarlar. Agşam bolsa öňki gatnaşyklary dikeltmek we düşünişmezlikleri aradan aýyrmak üçin amatly bolar. Siziň başlangyjyňyz örän gowy garşy alnar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Günüň başlanşy garaşyşyňyzdan hem üstünlikli bolup biler. Çylşyrymly meseleleri çözmek üçin örän amatly wagt. Ýyldyzlar size goldaw berer, ýagdaýlar bolsa peýdaňyza çözüler. Mundan başga-da, siziň aladalaryňyzyň bir bölegini öz üstüne almaga taýýar bolan hyzmatdaşlar peýda bolar.Köp meselelerde döredijilikli çemeleşme peýdaly bolar. Adaty ýollardan däl-de, özboluşly çözgütleri saýlamak size uly üstünlik getirer. Içki duýgyňyza ynansaňyz, garaşylandan hem öňe gidip bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymy resminamalar bilen işlemek, resmi ýüzlenmeleri taýýarlamak we döwlet edaralary bilen bagly meseleleri çözmek üçin amatly bolar. Siz ownuk ýalňyşlyklary hem wagtynda görersiňiz, bu bolsa wagt tygşytlamaga kömek eder.Köp Kowuslar ýagdaýyny üýtgetmek islärler we munuň üçin mümkinçilik hem taparlar. Bu gün romantik syýahatlar üçin örän amatlydyr.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün siz adatdakydan has duýgur bolarsyňyz, şonuň üçin hatda ownuk wakalara hem çuň reaksiýa bermegiňiz mümkin. Duýgularyňyzy dolandyrmak käte kyn bolar, emma häzirki wagtda çözülmeli möhüm işlere ünsüňizi jemleseňiz, ýagdaýy gözegçilikde saklap bilersiňiz. Sizi gyzyklandyrýan, ylham berýän we höwes döredýän işler aýratyn gowy netije berer  Köne tanyşlaryň maslahatlary örän peýdaly bolar. Ilkibaşda olaryň sözleri bilen ylalaşmak kyn bolup biler, emma biraz wagt geçensoň, olaryň hakykatdan hem ýerlikli maslahat berendigine düşünersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda söýgi gatnaşyklary birneme çylşyrymly bolup biler. Uly umyt baglan duşuşyklaryňyz  garaşyşyňyz ýaly täsirli geçmezligi mümkin. Emma alada etmäň  bu wagtlaýyn ýagdaýdyr we ýakyn wagtda oňyn üýtgeşmeler peýda bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Täze pikirler, döredijilik we batyrgaý çözgütler talap edilýän ýerlerde siz uly üstünlik gazanarsyňyz. Bu gün döredijilik işleri, täze taslamalar we adaty däl gözlegler üçin aýratyn amatly bolar. Döredýän täsin pikirleriňiz geljekde örän gymmatly bolup biler, esasanam olaryň durmuşa geçirilmeginiň ilkinji ädimlerini wagtynda meýilleşdirseňiz.Başlangyçda kömekçiler ýa-da hyzmatdaşlar derrew tapylman biler, emma bu sizi saklamaly däl. Ilkinji ädimleri özüňiz ädiň. Üstünlikleriňiz tiz wagtda görnüp başlar we şondan soň size goşulmak isleýänler köpeler.Dünýä garaýyşlary sizden tapawutlanýan adamlar bilen gürrüň etmek üçin mümkinçilikleri elden gidirmäň. Şeýle söhbetdeşlikler pikirleriňizi giňelder we täze zatlara başgaça garamaga kömek eder.Möhüm duşuşyklar meýilleşdirilen bolsaňyz daş keşbiňize aýratyn üns beriň. Bu gün tertipli we ynamly görünmek möhümdir. Şeýle-de gijä galmakdan gaça duruň  hatda kiçijik gijä galma hem ilkinji täsire ýaramaz täsir edip biler.Günüň ikinji ýarymynda dartgynly ýagdaýlar ýüze çykmagy mümkin. Şeýle pursatlarda duýgularyň täsirine düşmezlik möhümdir. Sowukganlylyk we paýhas size ýagdaýy tiz wagtda kadalaşdyrmaga kömek eder.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Günüň birinji ýarymynda ownuk düşünişmezlikler we göwnüňize degýän ýagdaýlar bolup biler. Şeýle ýagdaýlara aşa duýgur çemeleşmezlik möhümdir. Keýpiňizi bozmajak boluň we daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşyklaryňyzy dartgynly etmäň. Negatiw täsirler tiz wagtda azaljakdygy sebäpli, howlukyp netije çykarmak maslahat berilmeýär.Kem-kemden oňyn täsirler güýçlener we günüň ikinji ýarymy has rahat hem sazlaşykly geçer. Bu wagtda peýdaly işlere ünsüňizi jemläp, öň başlan işleri üstünlikli tamamlap bilersiňiz. Şeýle-de tejribeli adamlaryň çözüp bilmedik meselelerini çözmäge mümkinçilik dörär. Bu ýerde içki duýgyňyz esasy kömekçi bolar. Siz beýleki adamlaryň üns bermedik zatlaryny wagtynda görersiňiz.
Eger birnäçe işi ýerine ýetirmeli bolsaňyz, ilkinji nobatda sizi has köp gyzyklandyrýan işden başlaň. Hut şol ugurda uly üstünlik gazanyp bilersiňiz. Alnan gowy netije size täze güýç we ynam berer.Käbir Hutlar öňki tanyşlaryndan habar alyp bilerler. Şeýle adamlar sizi gyzyklandyrjak teklipler bilen ýüz tutup bilerler. Emma jogap bermäge howlukmaň ilki bilen ähli maglumatlary ýygnap, ýagdaýy gowy öwrenmek peýdaly bolar.