SPORT

«Seltik» toparynyň 56-njy rekord çempionlygy

«Seltik» topary öz meýdançasynda Şotlandiýanyň futbol çempionatynyň 38-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Harts» toparyny 3:1 hasabynda ýeňip, milli birinjiligiň 56-njy titulyny gazandy. «Seltik» bu görkeziji boýunça rekord goýdy.

Mundan öň, topar ýurduň çempionatynda 55 gezek ýeňiş gazanan «Reýnjers» topary bilen birinji orny paýlaşýardy.

Glazgo şäheriniň toparlary 41 ýylyň dowamynda Şotlandiýanyň çempionatynda ýeňiş gazanyp gelýärler. Başga şäherden iň soňky gezek çempion bolan topar 1984/85-nji ýyllar möwsümindäki «Aberdin» toparydy.

«Harts» topary 1960-njy ýyldan bäri Şotlandiýanyň iň güýçli kluby bolup bilmedi. Topar 80 utuk bilen çempionatda ikinji orny eýeledi. «Seltik» bolsa 82 utuk toplady.

Related posts

Abdukodir Husanow 2025-nji ýylda Aziýanyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

Ata Watan Eserleri

“Kopa Amerika” Braziliýada geçiriler

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi