SPORT

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

«Mançester Siti» topary 2025/2026-njy möwsümi üçin Angliýanyň Kubogyny gazandy. Ýaryşyň finalynda «Mançester Siti» topary Londonyň «Çelsi» toparyny 1:0 hasabynda ýendi.

Duşuşyk Londonyň «Uembli» stadionynda geçirildi. Duşuşygyň baş eminlik wezipesini Darren Inglend ýerine ýetirdi.

Oýundaky ýeke-täk goly 72-nji minutda «Man Siti» toparynyň hüjümçisi Antuan Semenýo derweze girizdi. Şeýlelikde, «Mançester Siti» topary 8-nji gezek Angliýanyň Kubogyny gazandy.

«Mançester Sitiniň» baş tälimçisi Hosep Gwardiola 10 ýylyň içinde klub bilen 20-nji kubogyny gazandy. Şeýlelikde, Gwardiola Angliýanyň Kubogyny üç gezek eýeledi. Hünärmen bu klub bilen alty gezek Angliýanyň Premýer-ligasyny, bäş gezek bolsa Angliýanyň liga Kubogynyň ýeňijisi boldy.

Ispaniýaly tälimçiniň ýolbaşçylygynda «Mançester Siti» topary üç gezek Angliýanyň Superkubogyny gazandy.

«Siti» UEFA-nyň Çempionlar Ligasynda, UEFA-nyň Superkubogynda we FIFA-nyň klublar arasyndaky dünýä çempionatynda bolsa bir gezek ýeňiş gazandy. Gwardiola iňlis klubuna 2016-njy ýylyň tomsundan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär.

Ýene-de okaň

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar