ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň uçary Pekin şäherinde gondy diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesi (CCTV) habar berýär.
Pekiniň «Şoudu» halkara howa menzilinde Donald Trampy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary Han Çžen garşylady. Şeýle hem garşylamak dabarasyna ABŞ-nyň Hytaýdaky ilçisi Dewid Perdýu we Hytaýyň Waşingtondaky ilçisi Se Fen gatnaşdylar.
Donald Tramp ellerinde ABŞ-nyň we HHR-nyň baýdaklary bolan 300-e golaý ýaş hytaýlylar tarapyndan «Hoş geldiňiz!» diýip mähirli garşy alyndy.
Tramp bilen bilelikde Prezidentiň ogly Erik Tramp we onuň aýaly Lara Tramp hem Hytaýda saparda bolarlar.
HHR-nyň Başlygy Si Szinpin Trampy resmi taýdan penşenbe güni irden ýerli wagt boýunça kabul eder.
Mundan ozal Tramp HHR-a 2017-nji ýylda, birinji prezidentlik möhletinde sapar edipdi.
Trampyň sapary 13-nji maýdan 15-nji maý aralygynda dowam edýär.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp soňky gezek 2025-nji ýylyň oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde duşuşypdy.
