Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ekologiýa ýagdaýy we şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda ýokary halkara güwänamalaryna mynasyp bolan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda D.Orazow ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde, Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi.
Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumynda Arkadag şäheriniň ýeten derejesiniň, «akylly» şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň ähmiýetiniň degişli derejede beýan edilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynda ulanylan täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň halkara giňişliginde möhüm orna mynasyp bolmagyny üpjün etjekdigine ünsi çekdi.
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri Arkadag şäheriniň ilatynyň we edara kärhanalarynyň elektrik togy, tebigy gazy we suw serişdelerini rejeli peýdalanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýeti bolan saparyň jemleri boýunça ýokary netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleri, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde edilýän işler barada maglumat berdi.
