ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Ýagşymyrat Hojagulyýew: unudylmajak halypa

Aslynda men halypa mugallym Ogultäç Balaýewanyň ýanyna özi hakynda gaýtadan giňişleýin ýazmak üçin bardym. Emma ol: «Kyn görmeseňiz meniň ylym ýolbaşçym bolan professor Ýagşymyrat Hojagulyýew hakynda ýazaýyň-da! Şu ýyl onuň doglan gününiň 90 ýyllygy. Ol ýatlanmaga gaty mynasyp halypa. Onuň ýetişdiren sanardan kän şägirtleriniň ählisi diýen ýaly ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda ýokary wezipelerde işlediler» diýip, kärdeşleriniň birnäçesiniň atlaryny aýtdy. Onsoň men ondan halypasy Ýagşymyrat Hojagulyýew hakyndaky öz ýatlamalaryny gürrüň bermegini haýyş etdim. Onuň zähmet hem durmuş ýoly bilen bagly ýatlamalaryny diňläp otyryn welin, «Ne peýda» atly aýdymdaky:

«Ýagşy adam bilen bir ýana gitseň,

Ýadyndan çykarmaz ýagşylyk etseň» diýen, setirler zol-zol gulagymda ýaňlandy. Segsen ýaşdan geçen halypa mugallymyň ýatlamalaryndan Ýagşymyrat Hojagulyýewiň öz gysga ömrüne diňe halal zähmeti bilen bakylyk bagyşlandygyna göz ýetirdim. Şeýlelik bilen Ogultäç mugallymyň Ýagşymyrat Hojagulyýew barada aýdan gürrüňlerini kagyza geçirdim. Ol:

— Halypam Ýagşymyrat Hojagulyýew nebitgaz geologiýasynyň köki. Ol barada näçe öwgüli sözler aýtsaň az bolýar. Hojagulyýew belent adamkärçiligi bilen hemme tarapdan özüni gowulykda görkezdi. Özüm bilen bagly käbir pursatlary ýatlasym gelýär. Ýokary okuwy gutaramsoň, uly laborant bolup işledim. Ýaňy durmuş guran wagtlarymyzdy. Ýaş çatynja bolup, kireýne jaýda ýaşaýardyk. Jaýyň tölegini tölemäge ýagdaýymyz ýokdy. Üstesine-de ilkinji çagam doguldy, garaz, kynçylykly durmuşda kösenip ýördük. Şonda Ýagşymyrat halypa:  «Gel, talyplary okat» diýip sapak berip goldaw berdi. Hemme kişi onuň ýaly hemaýat etmeýär. Soň ol meni ylma ugrukdyrdy. Onuň bilen bile aspiranty hökmünde  Habarowskä, Minskä konferensiýa gitdik. Şol ýerlerdäki taryhy ýerlere äkitdi. Ol ýaşlaryň ylmy üçin uly alada edýärdi. Özi-de gül ekmegi gowy görerdi. Riga gidende «roza» gülleri getirip, iş ýeri bolan Türkmen NIGRI-niň howlusyna ekişdirip tutuş edarany gül bilen bezedi. Ýan ýoldaşymy hem şol ýere işe alyp maşgalamyzyň kynçylyk çeken pursatlarynda kän hemaýat berdi. Dogrusy, men ylmy işimi gorap bilmedim, sebäbi bir maşgalada iki adama ylmy işi goramak kyn düşdi. Ýöne barybir ýeňil geçmedik zähmet hem durmuş ýolumyzda Ýagşymyrat Hojagulyýewiň beren hemaýat goldawlaryny undup bilmerin.  Ol barada şeýle sözleri ýeke bir men däl, başga-da kän adamlaryň aýtjakdygyny bilýän. Sebäbi onuň bimöçber aladalary bilen ençeme ýaşlar ylmy derejeleriň eýesi boldular. Özi-de onuň ylma ugrukdyran şägirtleri üç ýylyň içinde, öz wagtynda ylmy işlerini goradylar. Ol diýseň talap edijidi. Halilow, Abdullaýew, Ilamanow, Çopanow we başga-da kän kärdeşlerimiz üç ýylda ylmy işlerini gorap geldiler — diýip gürrüň berdi. Soňra-da ol Ýagşymyrat Hojagulyýew hakynda kärdeşim hem goňşymyz Durdymyrat mugallymam kän zatlar gürrüň berer — diýip salgy berdi.

Onsoň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Gidrogeologiýa we inžener geologiýasy» kafedrasynyň uly mugallymy, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Durdymyrat Orazdurdyýew bilen gürrüňdeş bolduk. Ilki bilen Durdymyrat mugallymdan Ýagşymyrat Hojagulyýewiň maşgala ojagynyň salgysyny soradym. Ondan Ýagşymyrat aganyň ogly Agamyrat Hojagulyýewiň telefon belgisini alyp, Agamyrat bilenem gürrüňdeş bolduk. Ol:

— Kakam bilen bagly ýatlamalarym bilen gyzyklanyp jaň edeniňizde biraz pikirlenip daş çykdym. Köçeden bir ýaş ýigit oguljygyny boýnunda göterip barýardy. Şol pursat kakaly günlerimdäki çagalyk ýyllarymyň ýatlamalary bada-bat ýadyma düşdi. Onsoň öýe girip bir salym oýlanyp oturdym. Kakamyň şahsy arhiwindäki foto suratlaryny gaýtadan synladym. Kärdeşleri bilen iş pursatlarynda düşürilen suratlaryny synlan mahalym hemişe ilki ýadyma düşýän bir pursat göz öňüme geldi. Kakam meni ýaňky synlan pursadymdaky ýaly çaga wagtlarym boýnunda göterip parada äkiderdi. Suratlardaky şekiller kän zatlary ýadyma saldy. Kakamyň iş otagyndaky suraty şol ýerdäki enjamlary göz öňüme getirdi. Meýdan şertlerinde alnan foto suratlardaky kärdeşleriniň keşbi göz öňümde janlandy. Hytaýdan gelen uly topardaky kärdeşleri bilen düşülen suraty bar, ýene bir suratda iş otagynda kärdeşleri bilen maslahat geçirip oturan pursady bar. Kakamyň dünýeden ötenine-de kän ýyl geçdi, ýöne özi aýatda bar wagty öýmüze gelen adamlar bolansoň, kärdeşleriniň köpüsiniň keşbi göz öňümde galypdyr.

Maşgalamyzda biz iki oglan, bir gyz dogan. Häzir kakamyň üç perzendinden dokuz  agtygy, ondan gowrak çowlugy bar. Ejem bir egne otuz ýyl epidemiolog bolup işledi, häzir pensiýada. Kakamyň köp wagty iş saparlarynda geçerdi. Konferensiýalara gatnaşmaga giderdi, meýdan şertlerinde alnyp barylýan iş pursatlarynyň üstünde bolardy. Şeýle-de bolsa, kakam bilen bagly çagalyk ýyllarymyň ýatlamalary az däl. Uly agam Batyr ikimiz kiçilikden sport bilen meşgullanýardyk, ýöne men okuwymy gutaramsoň, hirurg lukman bolasym gelýärdi. Sekizinji synpy gutardym welin, bir gün kakam meni ýanyna çagyrdy-da: «Okuwyňy gutaraňsoň, haýsy hünärden okamak hakynda pikirlenýäňmi?» diýip sorady. «Hirurg» bolmak arzuwym bar» diýdim. Kakam kän gürlänokdy. «Onda sen ertir iş ýerime bar. Ilki şol ýerdäki kružoga gatnap gör» diýdi. Ertesi iş ýerine bardym. 70-nji, 80-nji ýyllarda Türkmen NIGRI Türkmen ylmy-barlag geologiýa-gözleg institutynyň direktory wagty şol ýerde kakam ýaşlarda geolog hünärine bolan höwes döretmek üçin «Ýaş geologlar» kružogyny açypdy. Tamara Matweýewa hemem ýene bir rus zenany kružogy alyp barýardy. Şol kružoga 6-njy synpdan 10-njy synp aralygyndaky mekdep okuwçylary gatnaýardy. Şolara goşulyp menem kružoga gatnap başladym. Çagalary Kamçatka, Gazagystana  we başga-da birnäçe daşary ýurtlara gezelenje äkitdiler. Diýseň gyzykly, özüne çekiji gezelençler, geçilýän gyzykly sapaklar täsir etdi. Şeýlelik bilen pikirim üýtgedi. Soň şol ugurdan ýokary bilim alyp, men gidrogeolog, agam Batyr geofizik hünäriniň eýesi boldy. Şonuň üçin kakama häzirem minnetdar.

Kakam işine berlen adamdy. Özem juda gönümel häsiýetlidi. Işiň bähbidine kim bolaýsyn öz erkin pikirini aýdardy. Bu barada kärdeşleri: «Ýygnaklarda ýokardan nebitiň-gazyň uly möçberini almak barada aýdylanda, Ýagşymyrat halypa: «Size nebit-gaz gerek, bize ýokary hünärli kadr gerek» diýerdi — diýip ýatlaýarlar. Türkmen NIGRI-de ýolbaşçy mahaly şol ýerde soýuzda ýok laboratoriýa açyldy. Pribaltikadan getirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Kakam barada kärdeşleriniň gowy sözleri aýtmagy meni juda begendirýär. «Kakaň bizi ähli tarapdan terbiýeledi» diýýärler. Bu barada bir mysal aýdaýyn. Kakamyň bile işleşen kärdeşi Aşyr Ablyýew: «Bir gezek kakaň iş otagyna baranymda: «Birinjiden boýunbagyň bolsun, ikinjiden eglip ýöreme-de dik ýöre, üçünjidenem iş otagyma golaýlanyňda aýak sesiňi eşitdirip gel» diýdi — diýip gürrüň berdi. Kakamyň zähmet ýoly baradaky arhiw ýazgylaryny şahsy arhiwimizde gymmatly miras hökmünde saklaýarys. «Nauka SSSR» žurnalynda Türkmen NIGRI barada ýazylan uly göwrümli makalanyň bir böleginde kakamyň alyp baran işleri hakynda-da aýdylýar. Ýalňyşmasam žurnalyň 1986-njy ýylda çap bolan sanlarynyň birinde. Kakamyň öz işi bilen bagly teleýaýlymda kän çykyş edendigi ýadymda. Sebäbi kakam dünýeden gaýdanda 22 ýaşymdadym. Kakam 1936-njy ýylyň 23-nji aprelinde doglan, 1987-nji ýylyň 27-nji awgustynda-da bakyýete göç etdi. Kakamyň asly Tejen topragyndan, ýöne atam partiýa işgäri bolup işe goýlansoň, kakam (häzirki ady Magtymguly) Garrygalada doglan. Kakamyň esasy bir pikiri bardy. «Biziň ýurdumyz nebitden öňürti gazyň ýurdy» diýerdi. Kakam 1973-nji ýylda M. I. Gubkin adyndaky MNH we GSI-de «Garagum basseýninde gaz we nebit toplanmalarynyň paleogidrogeologik we gidrogeologik emele gelme hem-de ýerleşme şertleri» diýen tema boýunça ylymlaryň doktory alymlyk derejesini goraýar — diýip ýatlady.

Soňra halypa mugallym Durdymyrat Orazdurdyýewiň halypasy barada aýdan gürrüňlerini ýazgy etdik. Ol:

Özüniň uzak bolmadyk ömründe örän önjeýli zähmet çekip, Türkmenistanyň geologiýa-gözleg we nebitgaz pudagynyň ileri tutulýan meseleleriniň çözgüdine uly goşant goşan görnükli alym, ylmyň we önümçiligiň başarjaň guramaçysy, professor Ýagşymyrat Hojagulyýewi ýagşylykda ýatlamagy borjum hasaplaýaryn. Ol meniň we kärdeşlerimiň köpüsi üçin şeýle. Ol biziň unudylmajak halypamyz.

1968-nji ýylda  Türkmen politehniki institutyna okuwa girenimde Ýagşymyrat Hojagulyýew «Gidrogeologiýa we nebit geologiýasy» kafedrasynyň müdiridi. Ol biziň toparymyza «özüm ýolbaşçylyk etjek» diýip topar ýolbaşçymyz boldy. Biziň bilen her hepde-de duşuşyp, hal-ýagdaýymyz bilen içgin tanşyp durýardy. Maşgala ýagdaýymyz, nirede we haýsy orta mekdebi gutarandygymyz, okuw derslerine ýetişigimiz, okuwa gatnaşygymyz, okuwdan daşary näme bilen meşgullanýandygymyz umuman, ähli tarapdan içgin gyzyklanyp durýardy. Özi-de  bize ýokary kurslarda ýörite hünär derslerinden sapak berdi. Onuň geçýän sapaklary özüne çekijidi, ýönekeý sada dilde düşündirýärdi. 3-nji kursdan soň, tejribelige gidenimizde önümçilik edaralary (gidrogeologik, geologik ekspedisiýalar) bilen habarlaşyp biziň okaýan ugrumyzda iş ýerli (aýlykly) tejribelik geçmäge mümkinçilikleri döredýärdi. Okuwy tamamlap institutda mugallym bolup galmagymda-da uly itergi beren Ýagşymyrat Hojagulyýew boldy. Ol: «Sapaklara taýýarlanmak üçin köp kitaplary okamaly bolarsyň hem-de ylym bilen meşgul bolarsyň» diýipdi. Meni işe galan badyma hünär derejämi ýokarlandyrmak üçin 1974-nji ýylda Moskwanyň M.W. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetine 4 aýlyk kursa ugratdylar.  Men kursdan dolanyp gelenimde Hojagulyýewiň tagallasy, başlangyjy  bilen kafedramyzy iki kafedra ýagny, «Gidrogeologiýa we inžener geologiýasy» hem-de «Nebitiň we gazyň geologiýasy» kafedralaryna bölüpdirler. Hojagulyýewiň başlangyjy bilen Türkmen politehniki institutynda «dag inžener gidrogeologlary» taýýarlanyp başlanýar. 1973-nji ýylyň dekabr aýynda Hojagulyýew Türkmen ylmy-barlag geologiýa gözleg institutynyň (TYBGGI) direktory wezipesine bellenýär. Ýagşymyrat Hojagulyýew başarjaň guramaçydy. Şol döwürde  ýokarda agzalan institutyň täze jaýy Berzeňňide gurulýardy. Soýuz döwründe  gurluşyk işleriniň nähili alnyp barlyşy köpimize mälim. Ýaş hünärmen ýigitleriň işden dynç günleri şol gurluşyga tölegli ýagdaýda kömekleşmekleri Hojagulyýewiň başlangyjy bilen gurnaldy. Direktor wezipesine bellenenden soň hem Hojagulyýew kafedra bilen arabaglanyşygyny üzmedi. Ol ylmy adamdy, ylmy işleri ýola goýmaga işeňňirlik bilen gatnaşýardy. Kafedrada işlän döwürlerinde (1964-1973ý.ý.) ol ýurdumyzyň nebitgaz gidrogeologiýasynyň soraglary bilen bagly ylmy işleri alyp barýar. Hojagulyýewiň 1966-njy «Garagumuň we Amyderýanyň nebit-gaz ýataklary», 1976-njy ýylda «Nebit-gaz ýataklarynyň formirlenmeginiň we ýerleşmeginiň gidrogeologik kanunalaýyklygy», «Gazyň we nebitiň toplanmalarynyň gidrogeologik kanunalaýyklary we ýerleşişi», «Nebitiň we gazyň gözleglerinde paleogidrogeologik barlaglar» atly we başga-da nebitgaz gidrogeologiýasynyň we gidrogeologiýanyň nazary we amaly soraglaryna degişli 10 monografiýasy hem-de 150-den gowrak ylmy işleri neşir edilýär. Hojagulyýewiň tagallasy bilen 1970-1980-nji ýyllarda TYBGGI-niň hünärmenleri hem-de TPI-niň GIG «Gidrogeologiýa we inžener geologiýasy» kafedrasynyň mugallymlary bilen hojalyk şertnamalary esasynda köpsanly ylmy-barlag işleri amala aşyryldy. Şol işleriň esasynda (maglumatlary ulanyp) inžener geologiýasy hünäri boýunça iki sany kandidatlyk dissertasiýasy taýýarlanyp goraldy we onlarça ylmy makalalar çap edildi. Hojagulyýew instituty tamamlap TYBGGI-ýe işe baran ýaş hünärmenleriň geljekki alyp barjak ylmy işleri bilen içgin gyzyklanýardy, olary Soýuzyň ady belli Moskwa, Leningrad we başga öňdebaryjy okuw jaýlaryna ylmy-barlag institutlaryň aspiranturalarynda okamaklaryna mümkinçilikleri döredip berýärdi. Ýagşymyrat Hojagulyýewiň ýolbaşçylygynda hem-de ýardam bermeginde 15-den gowrak kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalary taýýarlanyp, ylymlaryň doktorlary we ylymlaryň kandidatlary alymlyk derejeleri berildi. Ol 1981-nji ýylda TSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzalygyna saýlanýar, 1976-njy ýylda ylym we tehnika boýunça Türkmenistanyň, 1983-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýraklaryna mynasyp bolýar — diýip, halypasy barada gyzykly gürrüňler berdi.

Ýagşymyrat aga barada şägirtleriniň ýene biri alym Hoşgeldi Babaýew bilen hem söhbetdeş bolduk. Ol:

— Menem Ýagşymyrat Hojagulyýewiň şägirtleriniň biri. Nähili uly üstünliklere ýeten bolsam, halypam Ýagşymyrat Hojagulyýewiň halypalyk mekdebini geçip terbiýelenmegim bilen ýetdim. Onuň önümçilik edarasynda işlän ähli işgärleri ylmy işgärler boldular. Ýokary derejeli ylmy hünärmenleri ýetişdirmeklige ol aýratyn  uly üns bererdi. Türkmen geologiýa ekspedisiýasynda onuň bilen bile işledim. Ýagşymyrat halypanyň partiýasy ýurdumyz bolýunça nebitgaz gözleg edaralarynyň guýularyny, burawlaryny aýlanyp derňew edýärdi. Soýuz boýunça iň gowy, güýçli  partiýady. Moskwa bilen aragatnaşyk saklaýardy. Ýagşymyrat halypanyň  maslahaty bilen özüm ýaly birnäçe deň-duşlar bolup Moskwa okuwa gidip, üç ýylyň içinde ulmy işimi goradym — diýip, kän zatlar gürrüň berdi, ýöne onuň gürrüňlerini «geljekde özi hakynda makala ýazanymda ulanaryn» diýen pikir bilen çäklendirdim.

Ýagşymyrat Hojagulyýewiň arhiw maglumatlaryny gözden geçirenimizde ol  1960-njy ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň tehniki fakultetini tamamlap, geolog hünärini ele alýar. 1961-1963-nji ýyllarda bu ýokary okuw mekdebiniň «Umumy geologiýa» kafedrasynyň assisenti, soňra Moskwanyň I.M. Gubkin adyndaky nebit-himiýa we gaz senagaty institutynyň aspiranty hem-de Kompleks gaz-nebit ekspedisiýasynyň kiçi ylmy işgäri, 1963-nji ýylyň aýagynda öňki Türkmen politehniki institutynyň «Geologiýa we nebit, gaz känlerini agtaryş» kafedrasynyň uly mugallymy bolup işleýär we 1966-1973-nji ýyllarda şol ýokary okuw mekdebinde «Gidrogeologiýa we nebit geologiýasy» kafedrasynyň müdiri wezipesinde işleýär. Umuman, arhiw maglumatlara salgylansagam, kärdeşlerini diňlänimizde-de Ýagşymyrat Hojagulyýewiň halkymyzyň öňünde uly hyzmat bitirendigine göz ýetirmek kyn däl. Şeýle halypalary ýagşylykda ýatlap, olary hatyralamagy bolsa parzymyz hasaplaýaryn. Çünki dirisine sarpa goýmagam, merhumyny hatyralamagam halkymyzda gadymdan gelýän ýörelgämiz.

Akgül Saparowa.

 

 

 

Ýene-de okaň

Durdygylyç Mülliýew: edebiýatyň basyrylgy hazynasy

Ata Watan Eserleri

Sapargeldi Annasähedow: «Müň bir gijäniň» goşgularynyň terjimeçisi

Ata Watan Eserleri

Bally Hajyýew: gaýtalanmajak zehin

 Annadurdy Almämmedow: Ak daglaryň aýdymyny ýazan hudožnik

Ata Watan Eserleri

Atamyrat Şagulyýew: halypalaryň mekdebinde taplanan halypa

Atajan Annaberdiýew: hakydadan çykmajak halypa