SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynda syýahatçylyk maksady bilen 164 ýurtdan 2 872 502 sany daşary ýurt raýaty Özbegistana geldi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, syýahatçylyk akymy 770 müň adam (ýa-da 36,6%) artdy.

Syýahatçylaryň sany boýunça iň öňde baryjy 10 ýurt:

Ýurt Adam sany
Gyrgyzystan 807 095
Täjigistan 713 904
Gazagystan 681 921
Russiýa 223 285
Owganystan 120 184
Hytaý 87 023
Türkmenistan 79 046
Türkiýe 39 445
Hindistan 12 600
Günorta Koreýa 7 813

Görkezijileriň ýokarlanmagy ýurduň syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösýändigini we daşary ýurtly syýahatçylaryň Özbegistana bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär.

Related posts

Aşgabat-Almaty uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär

Täze “COVID-19” dermanlary 95 ýurda iberiler

Kappadokiýa – jahankeşdeleriň arzyly mekany

Ata Watan Eserleri