SPORT

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň futbol ulgamynyň ösüşine gönükdirilen möhüm çäreleriň biri — okuw türgenleşik sapagy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylar düzüminiň hem-de ýurdumyzyň orta mekdepleriniň bedenterbiýe mugallymlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejede guraldy.

Okuw sapagy FIFA-nyň guramagynda ýurdumyza gelen halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda alnyp baryldy. Türgenleşik Aşgabat köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilip, oňa dürli futbol klublarynda türgenleşýän ýaş futbolçylar hem işjeň gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda bedenterbiýe mugallymlary ýaş türgenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan häzirki zaman usullary we tejribeleri öwrenmäge giň mümkinçilik aldylar. FIFA-nyň hünärmenleri bilen birlikde ýurdumyza gelen dünýä futbolynyň meşhur ýyldyzy Hristo Stoiçkow diňe bir nazary bilim bilen çäklenmän, eýsem amaly türgenleşikleriň üsti bilen futbol oýnunyň taktiki aýratynlyklaryny, duşuşyklara taýýarlygyň möhüm ugurlaryny we oýun wagtynda netijeli hereket etmegiň usullaryny giňişleýin düşündirdiler.

Şeýle hem, mugallymlar öz hünärlerini ösdürmek, täze pikirler bilen tanyşmak we döwrebap çemeleşmeleri öz işlerinde ulanmak boýunça gymmatly maglumatlary aldylar. Bu bolsa geljekde ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga we olaryň fiziki taýdan ösüşine oňyn täsir eder.

Bu okuw çäreleri FIFA-nyň “Football for Schools” maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýar. Bu maksatnama Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýär.

Maksatnamanyň esasy maksady — ýaşlaryň futbola bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek we sport arkaly sosial gatnaşyklaryň berkemegine ýardam bermekden ybaratdyr. Şeýle-de bu taslamanyň çäginde okuwçylara futboluň düzgünleri, toparlaýyn oýun ýörelgeleri we liderlik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen dürli çäreler guralýar.

Mundan başga-da, gatnaşyjylara ýörite okuw serişdeleri we metodiki gollanmalar paýlanyp, bilim we terbiýe beriş işini has-da netijeli guramak üçin şertler döredilýär.

Ýene-de okaň

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi