Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün örän öndürijilikli bolmasa-da, ýakymly we ýatda galyjy pursatlar bilen baý bolar. Irden keýpiňiz ýokary bolup, iş meselelerinden has köp adamlara üns bermek islärsiňiz. Kärdeşleriňiz we dostlaryňyz bilen gürrüňdeşlikler size ruhy lezzet berer. Günüň dowamynda garaşylmadyk ýakymly habarlar ýa-da teklipler gelip biler.Maliýe meselelerinde bolsa seresap bolmak maslahat berilýär. Howlukmaç kararlar geljekde kynçylyk döredip biler. Resminamalara gol çekmezden öň hemme zady içgin seljermeli.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün täze mümkinçilikleriň gapysy açylýar. Esasan hem iş we hyzmatdaşlyk babatda möhüm ädimleri ätmek üçin amatly wagt. Kärdeşleriňiz bilen düşünişmek aňsat bolar, pikirleriňiz goldaw tapar.Şahsy durmuşda hem ýylylyk höküm sürer. Täze tanyşlyklar ýüze çykyp biler ýa-da öňki gatnaşyklaryňyz has-da berkeýär. Emma maliýe meselelerinde özüňizi saklamaly gereksiz çykdajylar daşda duruň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Gün üstünlikli geçer. Siz özüňizi güýçli we işjeň duýarsyňyz, bu bolsa ähli başlan işleriňiziň üstünlikli tamamlanmagyna ýardam eder. Kärdeşler bilen gatnaşyklar amatly bolar, täze pikirleriňiz kabul ediler.
Şeýle-de bolsa, uly maliýe ädimleri üçin amatly gün däl. Satyn almalar ýa-da şertnamalar bilen bagly karar kabul etmezden öň pikirlenmek zerur. Ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyk bolsa size ruhy rahatlyk getirer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün aýratyn ünsli bolmak gerek. Iş meseleleri ýönekeý ýaly görünse-de, olaryň içinde gizlin kynçylyklar bolup biler. Şonuň üçin howlukmaň we ähli ýagdaýy jikme-jik öwreniň.Içki duýgyňyz size iň gowy ýol görkezer. Maliýe taýdan bolsa garaşylmadyk çykdajylar bolup biler. Gereksiz zatlara pul sowurmakdan gaça duruň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün size sabyr we çynlakaýlyk gerek bolar. Käbir meseleleri çözmekde diňe özüňize bil baglamaly bolarsyňyz. Ýöne bu sizi gorkuzmaz siz ähli zady tejribäňiz we güýçli häsiýetiňiz bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen geçiren wagtyňyz size rahatlyk we şatlyk getirer. Romantik duşuşyklar üçin amatly wagt.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün üstünlik açary.Siz ähli işleriňizi tertipli ýerine ýetirip, möhüm netijelere ýetip bilersiňiz. Özbaşdak işlemek aýratyn peýdaly bolar.Günüň dowamynda gowy habarlar gelip biler. Köne tanyşlaryňyz bilen gatnaşyklaryň täzelenmegi mümkin. Bu size täze mümkinçilikleriň gapysyny açar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün täze başlangyçlar üçin ajaýyp mümkinçilikleri getirýär. Energiýaňyz ýokary bolup, öňe gitmek üçin güýç berýär. Täze hyzmatdaşlyklar we tanyşlyklar üstünlikli bolar.Şahsy gatnaşyklarda hem düşünişmek we ýylylyk bolar. Bu gün täze tanyşlyk geljekde möhüm orny eýeläp biler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Günüň başy aýratyn üstünlikli bolar. Siz öňden meýilleşdiren işleriňizi üstünlikli başlap bilersiňiz. Emma beýleki adamlaryň kömegine doly bil baglamazlyk maslahat berilýär.Günüň ikinji ýarymynda köne meseleler ýüze çykyp biler. Ýöne siz olary çözmäge doly taýýar bolarsyňyz. Sabyr we tejribe size kömek eder.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Irden işleriňiz örän üstünlikli bolar. Siz güýçli we ynamly hereket edip, ýokary netijelere ýetip bilersiňiz. Adamlar hem size goldaw bermäge taýýar bolar.Günüň ikinji ýarymynda ýagdaýlar birneme haýallaşar. Bu wagtda howlukman, sabyr bilen hereket etmek has peýdaly bolar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün täze mümkinçilikleriň güni bolar. Siz adamlara täsir ýetirip, olaryň goldawyny gazanyp bilersiňiz. Täze hyzmatdaşlyklar üstünlikli bolar.Maliýe ýagdaýyňyzda hem oňyn üýtgeşmeler bolup biler. Girdeji almak ýa-da möhüm şertnama baglaşmak mümkinçiligi ýokary.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler, ýöne sizde olary ýeňip geçmek üçin ähli mümkinçilik bar. Dostlaryňyz we ýakynlaryňyz size goldaw berer.Täze tanyşlyklar gyzykly we peýdaly bolar. Şahsy gatnaşyklarda bolsa bu gün aýratyn ýyly we üstünlikli geçer.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün üstünlikli we netijeli bolar. Işleriňiz tiz we ýeňil ýerine ýetiriler. Täze bilim almak ýa-da özüňizi ösdürmek üçin amatly mümkinçilikler ýüze çykýar.Şeýle-de bolsa, ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda sabyrly bolmak gerek. Kiçijik düşünişmezlikleri ulaltmazlyk maslahat berilýär.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
