MEDENIÝET

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy, Mirzo Tursunzade adyndaky Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda geçirilen, milli däp-dessurlary berkitmäge we medeni gymmatlyklary öňe sürmäge gönükdirilen medeni çärä gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde Ilçihana tarapyndan 2026-njy ýylyň: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanan milli medeni burç gurnaldy, şeýle hem ýurduň garaşsyzlyk ýyllaryndaky gazanan üstünlikleri görkezildi.

Çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri, Türkmenistanyň dürli ugurlardaky üstünliklerini we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän kitaplaryň ýerleşdirilen tematik sergisi özüne çekdi.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň täjik dilinde neşir edilen «Ganatly Bedewler» atly kitaby Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynyň rektoryna iki dostlukly ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegiň nyşany hökmünde gowşuryldy.

Çärä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň milli baýlygy bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosergi aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu atlar gözelligiň, çydamlylygyň hem-de türkmen atçylyk däpleriniň müňýyllyk taryhynyň nyşany bolup durýandygyny bellediler.

Çäre, şeýle hem Mirzo Tursunzade adyndaky Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat instituty tarapyndan taýýarlanan medeni maksatnama bilen dowam etdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde saz we teatr çykyşlary, şeýle hem bezeg-amaly sungatynyň sergisi görkezildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri