JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllyk dabaralaryna gatnaşdy

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Şäheriň baýramçylyk meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan çäreler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.

Dabarada, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Soňra sahawatly ýörelgeleri ösdürmekde işjeňlik görkezen halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň käbir ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany okaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa dabaraly ýagdaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýany we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnany mynasyp bolan sylaglary bilen gutlap, olara “Arkadag” medalyny gowşurdy.

Soňra dabarada çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. Ol aýratyn ähmiýetli we buýsançly sene bolan haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli guralan çärä gatnaşyjylary bu dabarada görýändigine örän şatdygyny belledi.

Milli Liderimiziň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda 2021-nji ýylyň 29-njy martynda gol çeken taryhy Karary bu ugurdaky işleriň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrdy. O.Atabaýewa gaznanyň türkmen halkyna mahsus belent ynsanperwer ýörelgelere esaslanyp döredilendigini hem-de oňa Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylandygyny aýdyp, bu çözgüdiň ýurdumyzda çagalaryň bähbidine amala aşyrylýan giň möçberli işleriň ähmiýetini has-da artdyrandygyna ünsi çekdi.

Ol gaznanyň işine goldaw berýän ähli watandaşlarymyza, hyzmatdaşlara hem-de dostlarymyza çuňňur hoşallygyny beýan edip, hemmeleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem O.Atabaýewa olara şanly sene mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi.

“Halkymyzyň mätäje kömek goluny uzatmak, goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelerinden ruhlanyp, haýyr-sahawat gaznasynyň Esaslandyryjysy — Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda haýyrly işlerimizi dowam etdireris. Biz bir toprakda ýaşaýandygymyzy, çagalaryň ýerleşýän ýerlerine garamazdan, olaryň biz üçin ýokary gymmatlykdygyny hiç haçan unutmaly däldiris. Şonuň üçin hem ynanyşmak we özara düşünişmek köprülerini gurmak arkaly çagalaryň nurana geljegi ugrunda bilelikde tagalla ederis. Çünki parahat durmuş nesillerimiziň sazlaşykly ösüşiniň baş şertidir” diýip, O.Atabaýewa sözüni jemledi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli guralan dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary bilen dowam etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy