JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmen edermen” medaly bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize “Türkmen edermen” medaly hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly gowşuryldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Türkmen edermen” medaly hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň kabul eden kararlaryny okady we döwlet Baştutanymyza degişli döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Milli Liderimiz watandaşlarymyza hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli özüne gowşurylan döwlet sylaglaryny — Türkmenistanyň “Türkmen edermen” medalyny, “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medalyny halkymyzyň ýokary sylaglary hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

 

Çempionlar Ligasy: Messiniň ilkinji goly, “Şerifiň” garaÅŸylmadyk üstünligi

Related posts

Türkmen Lider, Malezya Dışişleri Bakanı ile görüştü

vepa

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Täze Bir Dil Öwreneliñ

vepa