16-njy martda Pekin şäherinde CNPC kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Dai Houlýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen duşuşdy. Taraplar tebigy gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek barada pikir alyşdylar. Bu barada hytaý kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gaz hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini we muňa iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň uly üns berýändigini belledi. Taraplar bilelikde Amyderýanyň sag kenary özleşdirmek hem-de Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi ýaly nusgawy taslamalar döretdiler we bu taslamalar Türkmenistanyň durmuş-ykdysady durnuklylygynda möhüm orun tutýar.
Dai Houlýan iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň strategik görkezmeleri esasynda energetika hyzmatdaşlygynyň geljeginiň ulydygyny aýtdy. CNPC tarapy gaz hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmak we iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak üçin tagalla eder.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasynda dostluk saparynda bolýar.
