Türkiýe sportuň dürli ugurlary boýunça dünýäniň çar künjeginden türgenleri we janköýerleri özüne çekip, halkara derejeli iri ýaryşlaryň geçirilýän mekanyna öwrülýär. Türk Riwýerasynyň merjeni hasaplanýan Antalýa, özüniň adam eli degmedik ajaýyp kenarlary, ýakymly howasy, baý medeni mirasy, şeýle hem suw we dag sporty üçin döwrebap düzüm desgalary bilen her ýyl millionlarça myhmany özüne bendi edýär. Sebitiň hakyky genji-hazynasy bolan Alanýa şäheri bolsa, 27–28-nji martda geçiriljek Alanya Ultra Trail ylgaw ýaryşyny nobatdaky gezek kabul edýär. Ýaryşyň özüne çekiji ugurlary Ortaýer deňziniň hoştap howasyndan, çogly güneşinden başlap, Tawr daglarynyň salkyn eňňitlerine çenli uzalyp gidýär.

Alanya Ultra Trail — bu 2017-nji ýylda esaslandyrylan pursadyndan bäri 34 döwletden 700-den gowrak türgeni bir ýere jemleýän halkara ylgaw ýaryşydyr. Halkara treýlranning assosiasiýasy (ITRA) tarapyndan ykrar edilen bu sport çäresi, Antalýanyň özboluşly tebigy keşbini, baý medeni mirasyny we tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykly durmuş ýörelgesini dünýä äşgär edýär.

«Mirasdan menzillere» (Tradition to Trail) şygary astynda geçirilýän 2026-njy ýylyň ýaryşy Türkiýäniň Syýahatçylygy ösdürmek we wagyz etmek boýunça agentliginiň (TGA), Ýaşlar we sport ministrliginiň hem-de birnäçe esasy hyzmatdaşlaryň goldawy bilen gurnalýar. Alanya Ultra Trail — bu diňe bir gatnaşyjylary Antalýany öwrenmäge ruhlandyrýan gyzykly başdan geçirme bolman, eýsem sebitiň baý taryhy mirasynyň döwrebap ruh bilen sazlaşykly utgaşýan tebigatyna çuňňur aralaşmaga döredilen mümkinçilikdir.

Mirasdan menzillere
Alanya Ultra Trail ýaryşynyň ugurlary bir wagtlar azatlygy söýýän we çydamlylygy bilen tapawutlanan ýörükleriň — çarwa türkleriñ geçen taryhy ýodalary öz içine alýar. Şol çydamlylygy we erkanalyk ruhuny özünde jemleýän häzirki zaman türgenleri, bir ýaryşyň dowamynda ýylyň dört paslyny hem başdan geçirip, iň çylşyrymly menzillerde bäsleşýärler. Gatnaşyjylaryň Tawr daglarynyň garly gerişlerinden başlap, dünýä belli Kleopatra kenaryna çenli uzaýan ýoly gadymy kerwen ýodalaryndan, Alanýanyň taryhy gämi gurluşyk kärhanasyndan (Tersane) we Alanýa galasyndan, şeýle hem täsin dag jülgelerinden we haýran galdyryjy tebigy künjeklerden geçýär.

Menziller we ugurlar
Ýaryşyň iň uzyn we esasy aralygy bolan 68 kilometrlik Alanya Ultra Trail (AUT) ultramarafonyndan başga-da, bäsleşik maksatnamasy aşakdaky ugurlary öz içine alýar:
- Taurus Mountain Trail (TMT) — 42 km;
- Keykubat Mountain Run (KMR) — 27 km;
- Cleopatra Short Trail (CST) — 18 km;
- Alanya Castle Run (ACR) — 5 km.
AUT aralygynda gatnaşyjylar Damladaş gowagyndan we dünýä belli Kleopatra kenaryndan badalga alýarlar. Ýaryşyň ugry Tophana ýaşaýyş toplumyndan, Gyzyl diň (Kızıl Kule), taryhy Gämi gurluşyk kärhanasy (Tersane), Esat berkitmesi, Bedesten bazary we Alanýa galasy ýaly taryhy ýadygärliklerinden geçýär. Şäher köçeleri boýunça gysga aralygy geçenden soň, türgenler Tawr daglarynyň eňňitlerine tarap ugralýarlar we soňra ýene-de Kleopatra kenaryndaky pellehana dolanyp gelýärler.
TMT, KMR, CST we ACR aralyklar esasy AUT aralygy bilen bir meňzeş ugur boýunça başlanýar, emma olar bellenen nokatlarda yza öwrülip, aralygy gysgaldýarlar. TMT ugrunda türgenler 24-nji kilometrde yza tarap gaýtmak üçin esasy ýodadan sowulýarlar, KMR gatnaşyjylary bolsa 16-njy kilometrde yza öwrülýärler. CST aralygy 9-njy kilometra çenli esasy ugry gaýtalaýar. Tebigat söýüjiler üçin niýetlenen ACR aralygy bolsa, gözelliklere baý bolan 5 kilometrlik gysga ýodany hödürleýär.

Antalýanyň gizlin genji — Alanýa
Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşýän we Türkiýäniň syýahatçylyk merkezi hasaplanýan Antalýa, ýylyň dowamynda özüniň sahy güneşi, baý taryhy we kämil kenarlary bilen myhmanlaryň göwnüni göterýär. Onuň gündogarynda bolsa meşhur kenarýaka şäheri — Alanýa — ýerleşýär. Alanýa — haýrana galdyryjy tebigy gözellikleriň, gadymy ýadygärlikleriň we joşgunly gijeki durmuşyň Ortaýer deňzi ruhunda jemlenýän iň ajaýyp mekanydyr.
XIII asyrda seljuklar tarapyndan gala-şäher hökmünde esaslandyrylan Alanýanyň görküne görk goşýan we gowy saklanyp galan Alanýa galasy (Alanya Kalesi), syýahatçylar üçin iň özüne çekiji ýerleriň biridir. Ol özüniň belent gaýaly depesinden deňziň we şäheriň haýrana galdyryjy görnüşlerini peşgeş berýär. Galanyň diwarlaryndan aşak, deňize tarap uzaýan egrem-bugram köçeler, bag-bakjalyga bürenen adaty öýleriň arasyndan geçýär. Şäheriň esasy taryhy ýadygärlikleriniň arasynda gadymy gämi gurluşyk kärhanasy we aslynda goranyş maksady bilen gurlan, emma şu günki günde etnografik muzeýe öwrülen sekizburçly Gyzyl diň aýratyn orun tutýar. Alanýa özüniň ajaýyp tebigy gözellikleri, şol sanda halkara «Mawy baýdak» (Blue Flag) sylagyna mynasyp bolan Inçegum we Kleopatra kenarlary, şeýle hem Sapadere jülgesi, Dim and Damlataş gowaklary, Dim-çaý dag derýasy we Dereköý dag ýaýlasy bilen meşhurdyr.
Alanýanyň taryhy mirasyny we tebigy gözelliklerini onuň baý aşhanasy has-da baýlaşdyrýar: bu ýerde “gözleme” (ter otly, peýnirli, üwelen etli ýa-da ýeralmaly gutap) ýaly meşhur milli tagamlardan başlap, Ortaýer deňziniň iň tagamly lezzetlerine çenli dadyp görmek bolýar. Bu ýerde deňizden ýaňy tutulan balykdan we ş.m. önümlerden taýýarlanan tagamlary — adaty «meze» işdäaçarlary, «piýaz» salady (tahini goşulan ak noýba) hem-de ýerli ak şeraplar bilen hödürlenýär. Şol bir wagtda “çopan gowurma” (gök önümler bilen buglanan et) ýaly nusgawy tagamlar sebitiň özboluşly we gadymy aşhanalyk däpleri bilen tanyşdyrýar.
