SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Minsk ugry boýunça ýörite gatnaw

Şu gün — 23-nji iýunda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenabat — Minsk — Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrýar.

Awiakompaniýanyň habar bermegine görä, uçar Türkmenistan wagty bilen şu gün irden sagat 8:00-da Türkmenabat halkara howa menzilinden Minsk şäherine tarap uçdy. Minsk şäherinden uçar yzyna ýerli wagt bilen 18:00-da uçar we 22:15-de Türkmenabada gonar.

Bu uçar gatnawyndan Türkmenistanyň raýatlarynyň peýdalanmagyna garaşylýar.

Şeýle hem «Türkmenistan» awiakompaniýasy ertir, ýagny 24-nji iýunda Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrar.

 

Türkmenistan-Russiýa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Related posts

Maýmyn mama keseline garşy derman tapyldy

Ata Watan Eserleri

«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi açyldy

Ata Watan Eserleri

Üçünji sanjym «Omikrondan» gorar

Ata Watan Eserleri