Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi Türkiýäniň syýahatçylygy ösdürmek we mahabatlandyrmak agentligi (TGA) bilen bilelikde ýurduň ähli künjeginde syýahatçylyk işleriniň bökdençsiz, adaty tertipde amala aşyrylýandygyny tassyklaýarlar. Ýakyn Gündogaryň aýry-aýry sebitlerindäki çylşyrymly ýagdaýlaryñ köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýän pursadynda, Türkiýäniň Ortaýer deňzi döwleti hökmünde bu gapma-garşylyklara gatnaşyjy tarap däldigi aýratyn bellenilýär. Dünýäde iň köp barylýan ýerleriň hataryna girýän meşhur syýahatçylyk ugurlary, şol sanda Stambul, Antalýa, Bodrum, Izmir we Kappadokiýa Ýewropadan, Demirgazyk Amerikadan we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden gelýän myhmanlary bökdençsiz kabul etmegini dowam etdirýärler. Aşakda görkezilen üç sany fakt häzirki wagtda amala aşyrylýan işleriň hakyky ýagdaýyny aýdyñ görkezýär.


Türkiýedäki ýagdaý barada 3 fakt
- Türkiýede dynç alyş işleri adaty tertipde ýola goýuldy
Ýagdaý üýtgewsizligine galýar: Türkiýäniň çägindäki her bir şypahana, myhmanhana, ekskursiýa maksatnamasy we syýahatçylyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleri bellenilen tertipnama laýyklykda doly güýjünde işleýär. Ýurduň bütin çägi boýunça desgalaryň ýapylmagy, işdäki bökdençlikler ýa-da hökümet tarapyndan girizilen syýahatçylyk işine degişli nähilidir bir çäklendirmeler hasaba alynmady.

- Türkiýäniň howa menzillerine ähli gatnawlar tertipnama laýyklykda amala aşyrylýar
Stambulyň, Antalýanyň, Bodrumyň, Izmiriň halkara howa menzilleri we ýurduň beýleki esasy howa gatnawy nokatlary adaty tertipde işleýärler. Sebitdäki wakalar sebäpli Türkiýäniň hiç bir howa menziliniň ýapylmagy, işine çäklendirmeler girizilmegi ýa-da gatnawlaryň ugrunyň üýtgedilmegi ýaly ýagdaýlar ýüze çykmady. Türkiýä uçuşlary amala aşyrýan awiakompaniýalar agzalan gapma-garşylyk bilen baglylykda gatnawlaryň ýatyrylmagynyň asla hasaba alynmandygyny habar berýärler.

- 2026-njy ýylyň tomus dyn alyş möwsümi üçin satuwlar açyk
Tur opoperatorlara, onlaýn syýahatçylyk agentliklerine (OTA) we degişli sargytlar (bronlamak) boýunça hyzmatdaşlara 2026-njy ýylyň tutuş tomus möwsümi üçin Türkiýä bolan syýahatçylyk gezelençleriň işjeň satuwyny amala aşyrmak maslahat berilýär. Geografiki ýagdaýa dogry baha berýän syýahatçylaryň arasynda isleg durnukly ýokary derejede galýar. Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hyzmatdaşlara zerur bolan maglumatlary, resmi teswirlemeleri we hasabatlary ýüz tutma esasynda hödürlemek bilen, maglumat goldawyny bermäge taýýardygyny tassyklaýar.
