JEMGYÝET

Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan: ulag ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Deňiz” myhmanhanasynda Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan görnüşinde ulag ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew, Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Raşad Nabiýew gatnaşdy.

Duşuşykda 3 ýurduň arasynda ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilendigi we gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylandygy bellenildi.

Bu ugurda täze taslamalar, ulag we logistika babatda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada pikir alşyldy.

Awazada geçirilýän Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň öňüsyrasynda daşary işler, energetika we ulag ministrleriniň duşuşyklary geçirildi.

Related posts

Karakum Dakar’ı için geri sayım başladı

vepa

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň forumy üçin Awaza geldi

Leave a Comment