ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Durdygylyç Mülliýew: edebiýatyň basyrylgy hazynasy

Gylyç Mülliýewiň adyny öň agam Aşyrberdi Kürtdenem eşidýärdim, ýöne o mahallar ol barada içgin gyzyklanmandyryn. Arada merhum ýazyjymyz Atajan Taganyň «Kyrk ýylda ýazylan kitap» atly ýatlama-essesiniň elektron ýazgysyny  okap otyrkam «Hyýalym» atly goşga gabat geldim. Şol goşgy bilen bagly ýazylan ýazgylar Gylyç Mülliýew hakynda gyzyklanma döretdi. Kimkä ol Gylyç Mülli diýilýän — diýip oýlandym. Birden halypa şahyr Allaýar Çüriýewiň radioda Gylyç Mülliýewe bagyşlap döreden goşgusyny okany ýadyma düşdi. Onsoň ilki bilen Allaýar agadan şol goşgusynyň ýazgysyny aldym. Goşgy şeýle başlanýar:

«Ilki baý, soň öý-öwzarsyz öten bar,

Ilki garyp, soň baý bolup ýatan bar.

Kim iripdir çarhy pelek oýnundan,

Munda adam, seniň, meniň hatam bar…»

Alty bentlik goşgynyň soňky bendi bolsa:

«Seni ýatlaýan bar, ýatlamaýan bar.

Seniň guburyňa gatnamaýan bar.

Saňa syrtmak atýan, hem atmaýan bar.

Barybir sen — Gylyç Mülli!

Är ýigidi türkmeniň,

Hem wepadar şägirdi

— Magtymguly türkmeniň!» diýip jemlenýär hem 15.05.-11.06.2021. diýlip gol goýlupdyr.

Goşgyny okamsoň, Gylyç aga hakynda makala ýazmak pikiri bilen maglumat gözlemäge ymykly girişdim.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasynyň halypa kitaphanaçylary Bibigözel Mämmedowa bilen Oguljemal Orazdurdyýewa 1959-njy ýylda şahyryň doglan gününiň 225 ýyllygyna bagyşlanyp çap bolan «Magtymguly» atly  makalalar ýygyndynyň 49-94-nji sahypalarynda, «Türkmenistan kommunisti» žurnalynyň şol ýylyň 8-nji sanynyň 57-64-nji sahypalarynda Gylyç Mülliýewiň makalalarynyň bardygyny aýdyp ýardam berdiler. Ol makalalary okadym, ýöne onuň bilen kanagatlanmadym. Ahyry mirasgär Hangeldi Babaýewiň «Türkmen alymlary» atly elektron kitabynyň 66-njy sahypasynda Durdygylyç Mülliýewiň suraty bilen gysgajyk terjimehalyna gabat geldim. Gylyç Mülliýewiň hakyky adynyň Durdygylyçdygyny bildim. Şol ýazgynyň esasynda merhum alym Tejen Nepesowyň öý salgysyny gözledim. Sebäbi Tejen aganyň maşgala agzalarynyň üsti bilen Gylyç Mülliýewleň öý salgysyny taparyn öýtdum. Onsoň halypa žurnalist Amangeldi Goşaýewe jaň aýlap pikirimi aýtdym. Ol:

— Gylyç Mülli barada akgamyň ýazan kitaby bolmaly mende. Eger şol kitaby tapsam saňa bereýin, birden tapmasam akgamdan kitabyň elektron ýazgysyny alaýarsyň — diýdi.

— Aman aga, «akgam» diýýäniňiz kim bolýar?

— Köp ýyllap profsoýuzda işledi, Akka Gazakow.

— O ýaşulynyň özüni-hä tanamok, ýöne onuň aýaly Dursun gelneje bilen Aşgabadyň çeper-synag halyçylyk kärhanasynda  bile işledik — diýip, olaryň öý salgysyny aldym. Sähel salymdan Aman aga:

— Kitaby tapdym — diýip, ýene jaň aýlady. Haýdap öýlerine gitdim. Aman aga ilki bilen iki sany galyň kitaby öňümde goýdy-da:

— Gylyç aga dünýeden gaýdanda soňky ýoluna ugratmaga bardyk. Ol paýtagtymyzyň gündogarsyndaky «Ýeke tut öwülýäsi» — ilat arasynda «Kyrk çiltenler öwülýäsem» diýilýär, meşhur artist Hommat Müllügiň jaýlanan gonamçylygynda ýerlendi. Gylyç aganyň belli günleri geçensoň, onuň aýaly Nurjemal gelnejem:

— Gylyjyň okan kitaplary, gadryny biljek adamlarda dursun, ulanarsyň —  diýip, şu kitaplary maňa ýadygärlik berdi — diýdi. Gylyç aganyň özüniň şahsy kitaphanasynyň möhri goýlan şol kitaplaryň başky sahypalaryny telefonumda surata düşürdim. Albert Eýnşteýniň «Собрание научных труда» kitaplarynyň birinji, ikinji tomlary.

— Şu kitaplardan çen tutsak Gylyç aganyň dünýä meşhur adamlaryň kitaplaryny okandygyna göz ýetirip bolýar. Galyň kitabyň sahypalaryny eplemän ýörite bellik edilýän ýüpleri bilen belläp ulanyşy onuň kitaba bolan hormatynyň uludygyny görkezýär — diýip, soňra Aman aga 2014-2015-nji ýyllarda taýýarlanan «Ýatlamaga mynasyp mugallym» atly öý kitaby elime berdi.

— Aman aga, Gylyç Mülliýewiň aýalyna «gelnejem» diýdiňiz, bu kitabyň awtoryna «akgam» diýýäňiz — diýip, gürrüňe başladym welin, ol berjek sowalyma bada-bat düşündi.

— Gylyç Mülliniň kakasy Mülli Işanyň asly Gyzylarbatdan. Ol Mary welaýatyna tarap ir döwür göçüp giden. Akka Gazakow at dakylan. Gylyç Mülliniň ejesi Akkamyň öňki at dakylanynyň bibisi. Gylyç aganyň başdaş aýalyndan iki çagasy bolan, ýöne onuň aýaly iki çagasy bilen 1948-nji ýyldaky ýer yranmada kesegiň aşagynda galan. Nurjemal gelnejem onuň ikinji aýaly. Bu aýalyndan perzent bolmady. Ogullyklary bardy, ýöne häzir ol hakynda hiç zat bilemok. Gelnejemiň özem häzir aýatda ýok — diýip gürrüň berdi.

Öýe gelemsoň, derrew kitaby gözden geçirdim. Ilki bilen Gylyç Mülliýewiň terjimehaly bilen tanyşdym. Gylyç Mülliýewiň şahsy arhiwine esaslanyp şeýle maglumat berilýär: Filosofiýa ylymlarynyň doktory, professor Durdygylyç Mülliýewiç Mülliýew 1922-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 2-nji Gökje obasynda doglan. Ol dogduk obasyndaky kolhozçy ýaşlar mekdebinde başlangyç bilim alýar. Onuň kakasy Mülli Annaýew we ejesi Annabagt Mülliýewa Woroşilow (soňky «Moskwa») kolhozynda işlediler. Mülli Annaýew 1940-njy ýylda, Annabagt Mülliýewa 1941-nji ýylda ýogalan. Durdygylyç Mülliýew 1935-nji ýylda ŞKM (şkola kolhoznoý molodýoži) tamamlap, 1939-njy ýylda zähmet ýoluna başlaýar. Ol 1939-njy ýyldan 1941-nji ýyla çenli Gökje-1 we Gökje-2 oba sowetinde doly däl orta mekdebinde mugallym, soňra 1941-1945-nji ýyllarda TKP-nyň Mary obkomynyň sektor müdiri bolup işleýär. 1946-njy ýylda ol TKP-nyň Merkezi komitetiniň ýanyndaky partiýa mekdebine okuwa ugradylýar. Partiýa mekdebini tamamlansoň, 1948-1950-nji ýyllarda ol TKP-nyň Merkezi komitetiniň instruktory bolup işleýär. 1950-nji ýylda täze açylan häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine mugallymçylyk işine ýollanýar. 1965-nji ýyla çenli şol ýerde mugallym, uly mugallym, filosofiýa kafedrasynyň müdiri ýaly wezipelerde işleýär. 1965-nji ýylda Türkmen oba hojalyk institutynda işini dowam etdirmek bilen ol partiýanyň taryhy, filosofiýa we ylmy kommunizm kafedrasyna müdirlige saýlanýar. 1970-nji ýylda bu kafedranyň dosenti bolýar. Ol 1975-nji ýylda Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetinde hünärini kämilleşdirýär we şol ýerde-de daşary ýurt aspirantlaryny okadýar. Gylyç Mülliýew 1974-nji ýyla çenli iki kitap, 18 makala ýazdy,  1974-nji ýyldan 1980-nji ýyla çenli Türkmen oba hojalyk institutynyň filosofiýa we ylmy kommunizm kafedrasynyň müdiri bolup işleýär. Halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin ol 1945-nji ýylda «Zähmetde edermenligi üçin» diýen medal bilen, 1950-nji ýylda TSSR Ýokary sowetiniň hormat haty, 1960-njy ýylda «Hormat nyşany» ordeni, şeýle hem 1970-nji ýylda Leniniň ýubileý medaly bilen sylaglanýar. Durdygylyç Mülliýew 1958-nji ýylda Azerbaýjanyň Kirow adyndaky döwlet uniwersitetinde kandidatlyk ylmy işini abraý bilen gorap filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, soňra  1972-nji ýylda «Kolhoz daýhanlarynyň sosialistik aňynyň kemala gelmegi we onuň kommunistik aň derejesine geçmegi» diýen temadan doktorlyk ylmy işini gorap, filosofiýa ylymlarynyň doktory diýen ylmy derejelere eýe bolýar. Onuň ylmy derejelerine ýetmeginde Daşkendiň mugallymçylyk uçilişesinde okadan mugallymlary Maşan Ýagşyýewiç Hamzaýewiň, Raisa Nikolaýewna Alyýewanyň mynasyp zähmeti bar. Ol 1962-nji ýylda  40 ýaşyndaka TSSR Ýokary sowetine deputatlyga saýlanýar. Durdygylyç Mülliýew 1980-nji ýylyň 3-nji iýunynda bakyýete göç etdi. Häzirki wagtda onuň dogduk mekany Mary welaýatynyň Gökje obasyndaky köçä hormatly mugallymyň ady dakylan we ol köçe Gylyç Mülliýew diýlip atlandyrylýar. Şu maglumatlaryň ýanynda Gylyç Mülliýewiň şahsy arhiwinden alnan şeýle ýatlamasy-da bar: «1935-nji ýylda ŞKM (kolhozçy ýaşlar mekdebini) gutaramsoň, agam Muhammet meni Marydaky peduçilişä okuwa ýerleşdirdi. Ol ýerde bary-ýogy bir ýyl okadym. Soňra meni Hajy Atajanow (şahyr Ata Atajanowyň kakasy) Daşkentdäki mugallymçylyk uçilişä okuwa äkitdi. Ol ýerde onuň ogly Ata Atajanow, Myrat Gurbahow dagy okaýardylar. Olar tomus kanikula gelenlerinde ol ýeri öwýärdiler. Onsoň mende-de ol ýerde okamaga höwes döredi».

Kitabyň awtory inžener-mehanik Akka Gazakow öňki Türkmen oba hojalyk institutynyň uçurymy. Özi-de Gylyç Mülliýewiň talyby bolupdyr. Ol:

— 1968-1973-nji ýyllarda talyp döwrümiz talyplaryň, aspirantlaryň arasynda: «Gylyç Mülliýew Magtymguly Pyragynyň ençeme goşgusyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna tabşyrypdyr, özi hem Magtymgulynyň köp goşgusyny ýatdan bilýär eken» diýen gürrüňi eşidýärdik. Şol ýyllarda ýokary okuw mekdeplerinde okuw rus dilinde alnyp barylýardy. Obadan gelen oglan-gyzlar üçin dersi rusça aýdyp bermek kyn düşýärdi. Bir gezek talyplaň biri: «Ýoldaş mugallym, men sapaga türkmençe jogap bersem bolmazmy?» diýip, Gylyç Mülliýewe ýüzlendi. Talapkär mugallym: «Sen guş dilinde gürle, ýöne, filosofiýany aýtsaň bolýar» diýip, goldaýjy hem pedagogiki dogry ýoly salgy berdi. Gylyç Mülliýew sapagy düşündirende temany pikir yzygiderliligi bilen täsirli gürrüň berip, diňleýjini özüne çekip bilýänligi bilen tapawutlanýardy. Institutyň 750 adam sygýan mejlisler zalynda gidromeliorasiýa, mehanizasiýa fakultetiniň talyplarynyň we aspirantlaryň gatnaşmagynda dialektiki materializmden berlen jemleýji sapakda ähli talyplar we aspirantlaryň bir gulaga öwrülmegini gazanyp, zalda gaty seýrek bolýan ümsümligiň tä sapak gutarýança dowam edendigi ýadymda — diýip, onuň mugallym hökmünde ussatlygyny pursatlar bilen ýatlaýar. Şeýle hem ol şu kitaby Gylyç Mülliýewiň aýaly Nurjemal gelnejäniň dilinden ýazylyp alnan maglumatlar we metbugat sahypalarynda çap bolan maglumatlar esasynda  taýýarlanda ýakyndan ýardam beren alym Annagurban Aşyrowa hem-de žurnalist Amangeldi Goşaýewe öz minnetdarlygyny bildirýändigini ýazypdyr. Anyk çeşmelere salgylanyp ýazylan maglumatlar diýseň täsir etdi. Kitabyň 29-njy sahypasynda «Matamy» hakynda söhbet» atly sözbaşyly ýazgy bar. Ol şeýle:

«Matamy» atly şahyryň ömri-döredijiligi we şahsyýeti bilen indi alymlar çynlakaý gyzyklanyp başladylar. Akademik Baýmuhammet Garryýewiň aýtmagyna görä, «Matamy» lakamy bilen goşgy ýazan şahyr XIX asyryň ikinji ýarymyna degişli hasaplanylypdyr. Şahyr Matamynyň şygyrlar depderi bize 1961-1962-nji ýylda «Her agaçdan bir ýaprak» atly ýygyndyny düzýärkäk sataşypdy. Latyn hatynda göçürilen bu depderi okap görenimizde klassyky tärde ýazylan bu şygyrlar bizde gowy täsir galdyrdy. Onda bar bolan «Margiana», «Saýlanmaýynmy?», «Gözüňde bolsun», «Neýläýin», «Magtymguly», «Permanyndan»…ýaly şygyrlarda şygryň klassyky tagamy goýy hem ýakymly. Biziň barlagymyza görä, Matamy — bu Gylyç Mülliniň özi bolup, ol bu gün ylmy-edebi barlagyň merkezine süýşüp geldi. Tejen Nepesowyň «Aşgabat agşamy» gazetinde çap bolan «Matamy» diýilýän şahyr kim ekeni?» atly makalasyndan alnan bu maglumatlar bada-bat ünsümi çekdi. (Alymyň pikiri)

«Gylyç Mülliýew «Matamy» lakamy bilen ýazan bu goşgy depderini 1945-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň golýazmalar fonduna (Ф-795) tabşyrypdyr. Matamynyň goşgular depderi 38 goşgudan ybarat bolup, Gylyç Mülliýewiň öz eli bilen ýazylypdyr. Başky goşgy «Margiana» bolup 8 bentli, ahyrky goşgy bolsa, «Hoş galyň» diýlip atlandyrylan.

«…Ol öňde-soňda özüniň şahyrdygyny boýun almaýardy. Emma onuň gursagynda edebi ylham möwç urup, joşup durdy». Eýsem indi, Matamynyň şol Gylyç Müllüdigini nädip subut etmeli? Subutyň amaly faktlardyr. Inkär edip bolmajak bir zat bar. Gylyç Mülli äpet uly talantdy, fenomenal ýatkeşlerdendi.  …Ýazyjylar Soýuzynyň bezelen bir kabinetinde Berdi Kerbabaýewiň alnynda Magtymgulydan  takmynan 220 goşgyny we «Maru şahu jahan» poemasyny ýatdan kagyza geçirip, Şaja Batyrowy we Kerbabaýewi haýran galdyranda onuň ýaňy 24 ýaşy bardy.

…Şu waka hakynda Gylyç Mülliýew şulary ýazypdyr: «..Meniň uly doganym Muhammet Mülliýew biziň ýurdumyzyň döwlet gurluşyna-da, jemgyýetçilik gurluşyna-da hiç bir zyýan ýetirmese-de, iki ýyl tussag edildi. Käbir ýoldaşlar (!?) «Salam diý» diýen goşguda (tragiki nota) aýdylýan ideýalary biziň maşgalamyzy Sowet häkimiýetiniň garşysyna goýlan günäkärleýji dokument hökmünde düşünmekleri meni örän gynandyrýar». Gylyç Mülliniň 1967-nji ýylda TKP MK-a ýazan hatyndan şu tragiki notalar Matamyda we Gylyç Müllüde deň çykýar. Diňe şol detalyň özüni yzarlamak-da bize köp zady açýar. «Matamy» depderindäki her bir täze fakt we detallar «Matamy» diýilýäniň şu Gylyç Müllüdigini şol açyp we tassyklap durdy. «Matamy» depderiniň sahypalaryna ünsli garap otyrkaň… «Magtymgulydyr» atly şygryň depesinde KYLYÇ MÜLLIÝEW —  MATAMI» diýip, saýhally edip ýazyp goýlupdyr. At we lakamyň şu hili tirkeşdirilip getirilmegi eýsem meseläni aý dogan ýaly etmeýärmi?» (Tejen Nepesow).

Matamy üçin Magtymguly baş halypa. Bu tezisi Magtymgulynyň şu Matama tükeniksiz täsirleri arkaly aňsat subut edip bolar (seljermeler, deňeşdirmeler, pikir ýöretmeler…şu nukdaýnazardan ugur alyp, «Nesil» gazetinde çap bolan Matamynyň («KYLYÇ MÜLLIÝEW — MATAMI)  birnäçe goşgularyna ser salalyň — diýlip, «Geldi», «Boldy», «Başlady», «Neýläýin», «Baraýyn», «Görgeli geldim heý!», «Magtymguly», «Salam diý» atly birnäçe goşgulary hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1999-njy ýylyň 19-njy aprel sanynda Gylyç Mülliýewiň çap bolan «Oba ýatlamasy» bu kitapda ýerleşdirilipdir. Ýene-de bu kitapda «Gylyç Mülliýew üçin Magtymgulynyň eserleri kanun kitaby ýalydy. Magtymgulynyň özi bolsa onuň Hikmet atasydy» — diýlip baha berilýär.  Şeýle-de kitapda «Gylyç Mülliýew kim?!» diýen sözbaşy bilen filologiýa ylymlarynyň kandidaty Tejen Nepesowyň «Adyna mynasyp adamdy» atly makalasyndaky ýatlamasy okyjylara hödürlenýär:

«1991-nji ýylyň ahyrlarynda biz Aşgabatdan Mara Gylyç Mülliniň garyndaşlary bilen ýörite salama hem söhbede gitdik. Şol ýerde Gylyç Mülliniň dostlary bilen hem duşuşdyk. Bize şonda ol hakda köp täsin gürrüňleri eşitmek miýesser etdi:

Sakarçägäniň Akýap obasyndan (Görelde kolhozy) Anna Begnepes: «Biz Gylyç Mülli bilen Daşkentde bile okadyk. Ol ýumşak, mylaýym häsiýetli, wepaly, dogry gepli dostumyzdy. Sapaklarynda diňe otliçno baha alýardy. Daşkentdäki şol  içilişede ol mugallymlaryň hem okuwçylaryň arasynda iň sarpalymyzdy. Özi-de tarhandy. Edebi eserleri adatdan daşary köp bilýärdi. Klas ýolbaşçymyz Raisa Nikolaýewna Alyýewa hemişe: «Men Gylyç Mülliýewiň geljekde, iru-giç ullakan adam bolup ýetişjekdigine çyndan ynanýaryn» diýerdi. Gylyç Mülli ýazyjy- şahyrlaryň , aýratynda Magtymgulynyň dünýä hakdaky goşgularyny hemişe diýen ýaly ýatdan aýdýardy. Ol zehin babatda deňi-taýy ýok bir adamdy. Soňky kurslarda onuň akyly has-da möwç urup joşupdy. Öwrenmegi hiç wagtda aýp görmeýärdi. Özi-de juda köp okaýardy. Gylyç haýsydyr bir poemalar barada edebiýatçy mugallymymyz M. Hysrowy bilen gürrüňleşer ýörerdi. Ol ylma, edebiýata, goşga tüýs berlen ýigitdi».

Sakarçägäniň «Sowet» kolhozyndan Aşyr Meredow: «1938-1939-njy ýylda Daşkentde Gylyç Mülli bilen bile okadyk. Ol diýseň edepli, komsomol hem profsoýuz işlerine örän ezberdi. Magtymgulynyň goşgularyny şol wagt hem ýatdan aýdýardy. Onuň bir hili başga täsin goşgulardan hem aýdýan çaglary bolýardy. Şowhunlydy, gürrüň bermäge örän ökdedi. Gülüşdirmegi aňsatja başarýardy».

Sakarçägäniň «Nowaýy köçesiniň 36-njy jaýynyň ýaşaýjysy Kakajan Muhammedow: «1937-1939-njy ýyllarda Daşkentde bile okadyk. Gylyç tapawutly bir adamdy. Diýseň zehinlidi, kružoklarda goşgy, doklad hem tankyt bilen çykyş ederdi. Köneçeden gowy habarlydy. Jynazany edil ahunlaryň özi ýaly okardy. Iňňän bir aktiw şahsyýetdi, örän ýakymlydy».

Ýolöten etrabyndan Bäşim Akmämmedow: «Gylyç esasan, ylym, edebiýat, medeniýet bilen meşgullanýan adamlar bilen ülpetdi. Gurbandurdy Gurbansähedow, Ata Atajanow, Bazar Saryýew bilen ýakyn dostdular. Magtymgulynyň goşgularynyň ählisini diýen ýaly ýatdan bilýärdi. Aýdym edip aýtmagy-da gowy görýärdi. Ol türkmen dutarynyň owazyndan ganmaýardy. Onuň özi käte boş klaslaň birine baryp, goşgy, hekaýa, makala ýazmaga-da synanyşardy. Magtymgulynyň, Mollanepesiň goşgularyny ol aýratyn köp bilýärdi. Ol jezitçe, arapça kitaplary-da, emgenmän okap bilýärdi. Agşamlaryna onuň öz okan zatlaryny şowhun bilen gürrüň bermek endigi-de bardy».

Ýolöten etrabyndan Agajan Ýazlyýew: «Biz 1938-1939-njy ýyllarda uçilişäni gutardyk. Gylyç rus dili sapagyna aýratyn höweslidi. Onuň okaýan kitaplarynyň aglabasy rus dilindedi. Abraýy, hormaty özümiziňkiden has goçagrakdy. «Göroglynyň» daşbasma, Magtymgulynyň jezitçe kitaplaryny hiç wagt ýanyndan goýmazdy. Ol beýleki okan kitaplaryndanam gürrüň bererdi.

Peşanaly obasynyň «Mukgy Lorsy» kolhozyndan Mämmetguly Faýzullaýew: «Gylyç üýtgeşik bir oguldy, onuňky ýaly zehin köp adamlara berlen däldir. Onuň öz dostlaryna-da täsin goşgulary okap berýändigini bilýän».

«Watan» gazetiniň 1996-njy ýylyň 21-nji maý sanynda kärdeşi Türkmen döwlet uniwersitetiniň dosenti  Ylýas Akmyradowyň «Uly alymy ýatlap» atly makalasynda: «Gylyç Mülli bütin ömrüni aň-bilime teşne ýaş nesle sarp edenleň biri. Baý tejribeli alymdan öwrener ýaly tebigy berlen döredijilikli zehin näçe diýseň bardy. Ol sylag-hormaty päk zähmeti, döredijilik talanty bilen gazanypdy. Sarpaly alymyň iş usullaryny özleşdirip, ýeterlik tälim almadyk bolsam, onda bu ýatlamany ýazyp bilmezdim. Uly ylmy ýol geçen filosof rus dilini kämil bilensoň, leksiýany iki dilde-de bir kemsiz okardy hem-de ýazardy. Şeýdip ol öçmejek nusga galdyrdy. Gylyç Mülli geň häsiýetli, özdiýenli adamdy. Ol diýseň gönümel hem-de päk ýürekli kişidi. Onuň ýüz görüp gapyrga syrmasy bolmazdy. Kim bolsa-da aga ak, gara gara diýerdi. Diýseň ýatkeşdi. «Käwagt birnäçe duýgy, oý-pikir aňyma girip, erkime goýmaýar» diýerdi. Käte çaý başynda keýpi göterilip: «Ylýas, Magtymgulynyň haýsy sahypasyny açsaňam tapawudy ýok, men yzyny dowam etdirerin» diýerdi. Bir gezek Magtymgulynyň 1959-njy ýylda çap edilen goşgular ýygyndysynyň 282-nji sahypasyny açyp: «başla» diýdim. Ol säginmän, şygyrlardan ýatdan labyzly okap, diňleýjileri aňk etdi. Gylyç Mülli dagdan gaýdýan sil ýaly dogabitdi zehinli kişidi. Tejribeli pedagog hökmünde-de, uly alym hökmünde-de, ynsanperwerligiň ähli oňyn sypatlaryny özünde jemlän adam hökmünde-de mynasyp nusga goýup gitdi» diýip ýatlanýar. Merhum ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedow: «Gylyç — bu lowlap ýanyp duran bir otdy. Haýp ony nätdiler?!— diýen bolsa, ýazyjy Durdy Haldurdy: «Gylyç adatdan daşary ýatkeşdi, zehinlidi, edebiýatyň üsti ýapyk bir hazynasydy» diýip oňa uly baha beripdirler. Durdy Haldurdy ýene şeýle ýatlaýar: «Bir gezek Gylyç Mülli Daşkentden gaýdyp gelende meniň 1930-njy ýyllarda Çärjew töwereklerinde bir ýerde düzen goşgymy özüme ýatdan aýdyp berip otyr» diýip ýatlapdyr.  Ýatlamalaryň arasynda Gylyç Mülliýewiň: «Özümiň ýatkeşlik ukybyma men heniz ýazyp-okap bilmeýän wagtym göz ýetirdim. Dädemiň aýdýan goşgularyny gaýtalap ugradym…» diýip, onuň şahsy arhiwinden ýatlamalary-da bar. Žurnalist Kakaly Berdiýewiň «Mugallymlar gazeti» gazetiniň 1963-nji ýylyň 24-nji fewral sanynda ýazan makalasyndan bölekde hem: «Çingiz Aýtmatowyň edebi talantynyň möçbersiz kuwwatyny bizde ilki kesgitlän Gylyç Mülliýewdi. Gylyç Mülli Hydyr Derýaýewiň «Ganly penjeden» romanyny başdan-aýak ýatdan aýdyp berýär» diýip beýan edilipdir. Ynha, şol ýatlamalardan görşümiz ýaly, Gylyç Mülliýewi ýakyndan tanaýan deň-duşlary, kärdeşleri ol barada gowy gürrüňler bilen ýatlaýarlar. Ýöne ýatlamalaryň arasynda Gylyç Mülliýewiň adyna garşylykly, tankydy bellikler aýdylyp ýazylan ýatlamalar-da az däl. Şu ýerde ýene-de Atajan Taganyň ýatlamalaryna ýüzlenmeli bolýan:

«1972-nji ýylyň tomsunda ýazyjylaryň Moskwanyň etegindäki Peredelkino döredijilik öýünde özara gürrüň edişip otyrkak, meniň Gylyç Mülliýew hem Magtymguly barada beren sowalyma Berdi Kerbabaýew şeýleräk jogap gaýtardy: «1948-nji ýylda maryly türkmenleriň arasynda giňden tanalýan Mülli işanyň Mary obkomynyň söwda bölüminiň instruktory bolup işleýän oglunyň Magtymgulynyň şol mahala çenli näbelli goşgularyndan abyrsyz setirleri ýatdan bilýändiginiň habary gulagyna ýeten Berdi Kerbabaýew haýal etmän, Şaja Batyrowyň ýanyna barýar. Ol mahallar Ş. Batyrow Türkmenistanyň bolşewikler partiýasynyň merkezi komitetiniň ideologiýa işlerini alyp barýan sekretary eken. Ol geň habar bilen Ş. Batyrow hem örän içgin gyzyklanýar. Ol Gylyç Mülliewiň ýatdan bilýän şygyrlaryny tizden-tiz ýazyp almaly diýen görkezme berýär. Marydan ýörite çagyrylyp getirilen ýaş ýigit Pöwrizede özbaşdak jaý, çaý-naharyna sereder ýaly aşpez bilen üpjün edilýär. Ol Pöwrizeden çykman, bir aý töwerek wagtyň dowamynda basa oturyp işleýär. Netijede, Magtymgulynyň 216 sany goşgusy kagyza geçirilýär. Şeýlelikde, şol mahala çenli aýatda ýok goşgular Şaja Batyrowyň ýolbaşçylygyndaky resmi topar tarapyndan derňelip, Türkmenistan ýazyjylar soýuzynyň şol meselä bagyşlanan Plenumynda hem Magtymgulynyňky diýlip makullanýar.

Meniň: «Şol goşgularyň Magtymgulynyň hut özüniňkidigine siz müňkür bolmaýarsyňyzmy?» diýen sowalyma B. Kegbabaýew «Ýok» diýen gysga jogap gaýtardy — diýip, Atajan aga mysallar bilen pikirini beýan edýär. Ol hakda gaýtalap durmagyň zerurlygy ýok. Sebäbi okyjylaryň köpüsi bu barada habarly.  Ýöne şeýle-de bolsa Atajan Taganyň:

Gylyç Müllüýewi ýakyndan tanaýan (Men onuň bilen bary-ýogy iki gezek duşuşypdym) adamlaryň ynandyrmaklaryna görä, ol Sowet döwrüniň poeziýasyny ykrar etmändir. Sowet häkimýeti ýyllarynda ýaşandygy üçin kakasynyň yzarlanmagy, bigünä agasynyň türmä salynmagy, oňa tap getirmedik ejesiniň, kakasy Mülli işanyňam ýogalmagy netijesinde agyr sarsgyna çydaman, matam tutan G. Müllüýew 1941-45-nji ýyllarda «Matamy» hem «Matamguly» lakamy bilen gaty kän goşgy ýazýar. Şolardan kyrka golaýy awtorynyň kimdigi gizlenmän, biziň metbugatymyzda çap edildi. Şol goşgulary üns bilen okap çykanyňdan soň, Magtymgulynyň «Fetdah» diýen goşgusy Gylyç Müllüýew tarapyndan ýazylyp, gönüden-göni G. Müllüýewiň pajygaly terjimehaly bilen utgaşyp gidýär. Şeýlelikde, «dessanda» ady tutulmasa-da, kime näme diýilýänini aňylmagyndan gorkýan awtor diri gezip ýören özüni gizläp, aýatda ýok Magtymgulynyň adyny peýdalanmak bilen öz ýürek hasratyny egisýär. Onuň «Matamy» lakamy bilen çap eden öz goşgularynyň bolsa Magtymgulynyň goşgulary bilen «tagmasynyň» köplenç, birdigi ýa-da golaýdygy bizi kän zat barada oýlanmaga mejbur edýär. Gylyç Müllüýewiň ömür beýany hem edil goşgularynyňky ýaly bulaşyk ýagdaýa salnypdyr. Şol meseleler hakynda zehinli tankytçy hem prozaçy Saýlaw Myradow «Goşgular, rowaýatlar, logika» diýen düýpli makalasyny çap etdi. Makala Magtymgulynyň şu mahala çenli okuw kitaplarynda öwredilip gelnen terjimehalyna-da, goşgularyna baha bermäge-de başgaça çemeleşilmegini talap edýärdi.

Men Gylyç Müllüýewiň tapan goşgularynyň Magtymgulynyňkydygy ýa-da däldigi barada oýlanyp ýörkäm, rus şahyry hem edebiýatçysy Petr Skosyrýewiň «Güller hem ýapraklar» diýen kitaby tötänden elime düşdi. Şu ýerde men şol kitapdan bir parçany öz terjimämde siziň dykgatyňyza hödürläýin: «Magtymgulynyň täze goşgularynyň tapylyşy-da örän geň hem özboluşly. Bu ýagdaý düýpli öwrenilse, gyzykly bir roman ýazmaga material bolup bilerdi».

Şu makalany taýýarlaýarkam başga-da kän maglumatlara gabat geldim. Edebiýatçy alym Baýram Taganyň 2015-nji ýylda çap bolan «Ölmek — hak, dirilmek hakdyr» atly uly göwrümli kitabynyň 86-njy sahypasyndan 125-nji sahypasyna çenli aralykda «Magtymgulynyň eserleriniň tekstologiýasy barada» sözbaşy bilen ylmy derňew esasynda giňişleýin söhbet edýär. Şeýle-de mirasgär Atamyrat Şagulyýewem Magtymgulyşynas hökmünde öwrenenlerini gürrüň berende onuň aýdýan gürrüňlerem Gylyç Mülliýewiň döredijiligi bilen bagly tankydy bellikler. Şu ýerde okyjylar üçin Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Magtymgulyşynas Ýusup Azmunyň Magtymgulynyň goşgular ýygyndysyny türk diline geçirendigi hem-de Gylyç Mülliýewiň goşgularyny aýratyn ýygyndy edip taýýarlandygy, ýöne ol kitaplaryň haçan, haýsy ýerde neşir ediljekdiginiň entek belli däldigi barada Atamyrat Şagulyýewden eşidendigimi okyjylara täzelik hökmünde ýetiresim geldi. Gylyç Mülliýew baradaky ýatlamalaryň her biri täsirli, gyzykly söhbetler, ýöne jedelli ylmy söhbetler bolansoň, olara baha berer ýaly men alym däl, ýa-da Magtymgulyşynas däl. Şonuň üçin olaryň hiç biriniň aýdýanyna dogry ýa-da nädogry diýip biljek däl.  Bir zady bilýän ylmy derňewler  hemişe jedelli bolup gelýär. Şonuň üçin bu ugurdan iş alyp barýan adamlar hakynda ýazmakçy bolanyňda ýaýdandyrýar. Onda-da ýönekeýje okyjy bolup, diňe mirasy öwrenmäge bolan höwesiň bilen ýazjak bolmak gaty kyn. «Belki, meniň bu pikirim nädogrydyr, belkäm-de azda-kände bir zatlar öwrenmegim üçin peýdalydyr. Aslynda öwrenýän adamyň ýalňyşmazlygy mümkin däl, çaga-da ýykylman ýöremegi öwrenmeýär ahyry» diýip, öz-özüm pikir öwrüp kän oýlandym. Ahyrynda-da öten-geçen halypalary ýatladygym bolar. Gylyç Mülliýewem belkäm bir sebäp bilen şeýle hereket edendir. Geçmişdäki beýik-beýik alymlarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň köpüsiniň ykbalyna ser salanyňda olaryň tussaga düşüp gören görgüleri hakyndaky ýatlamalar hakydaňa gelýär. Şonuň üçin makalamy Atajan Taganyň: «Men Magtymgulynyň döredijiligini «arassalamak» pikirini orta atanymda, murgaply magaryf işgäri, edebiýatyň muşdagy Ahmet Çarygulyýew: «Näme, Omar Haýýamyň adyna berilýän rubagylaryň hakyky awtografy barmy? Magtymgulynyň adyna berlip, aňymyza ornan bolsa, goý, ol şygyrlar Magtymgulynyňky bolubam galybersin-dä» diýdi. Munuňam janynyň bar bolmagy mümkin. Ýöne adalat diýenem bir zat bar ahyryn. Eger-de şol goşgularyň Magtymgulynyňky däldigini subut etsek, biz näme utdurýarys? Hiç zat. Gaýtam hem-ä hakykat ýeňerdi, hemem Magtymgulyny «goradygymyz» bolardy, üstesine-de Magtymguly ýaly ýene bir şahyrymyz artardy…» diýen  pikiri bilen jemlemegi göwne laýyk hasapladym.

Akgül Saparowa.

 

 

Ýene-de okaň

Sapargeldi Annasähedow: «Müň bir gijäniň» goşgularynyň terjimeçisi

Ata Watan Eserleri

Bally Hajyýew: gaýtalanmajak zehin

 Annadurdy Almämmedow: Ak daglaryň aýdymyny ýazan hudožnik

Ata Watan Eserleri

Atamyrat Şagulyýew: halypalaryň mekdebinde taplanan halypa

Atajan Annaberdiýew: hakydadan çykmajak halypa

Tokar Tugurow:reňklerden owaz eşiden hudožnik

Ata Watan Eserleri