JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanda saparda bolar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda saparda bolar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer şu ýylyň maý aýynda geçiriljek halkara çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Kazanda birnäçe möhüm halkara duşuşyklar geçiriler. Olaryň hatarynda her ýyl geçirilýän “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum”  halkara ykdysady forumyny görkezmek bolar.

Şunuň bilen birlikde, “Russiýa-Yslam dünýäsi: hyzmatdaşlygyň EKSPO” atly halkara emläk bazary atly sergiler we maslahatlar, “Kazan Halal bazar” atly halkara ýarmarkasy geçiriler. Şeýle hem atly sport boýunça ýaryşlar guralar.

Bularyň  «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek halkara çärelerine ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýokary derejede guramagyny tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýada halkara atly oýunlaryna we at ýaryşlaryna gatnaşar

Türkmen bedewleri Özbegistanda gözellik bäsleşigine gatnaşar

Özbek we hindi küştçisi dünýä çempionlygy üçin bäsleşer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi

Seýşel adalarynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana ilkinji sapary