Aşgabatda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.
Hytaý wekiliýetine Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Gao Çžan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G. Myradaliýew Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk esasynda ösýändigini we Beýik Ýüpek ýolunyň baý taryhy mirasyna esaslanýandygyny belledi.
Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýolunyň galkynyşy» başlangyjynyň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti nygtaldy, bu bolsa dürli ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Pekine amala aşyran saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm tapgyryna öwrülendigi bellenildi.
Mejlisiň dowamynda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň netijelerine seredildi. 2023–2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň we Hytaýyň medeniýet ýyllarynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. Aşgabatda, Magtymguly Pyragy seýilgähinde hytaý şahyry Du Funyň heýkeli dikildi. 2026-njy ýylyň fewralynda Türkmenistanyň paýtagtynda iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen «Ýüpek ýoly karnawaly – Bahar baýramy» festiwaly geçirildi.
Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bar bolan maglumatlara görä, Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde 6,5 müňden gowrak Türkmenistanyň raýaty bilim alýar. Öz gezeginde, Türkmenistanda milli we çagyrylan hytaýly mugallymlaryň gatnaşmagynda 7 müňden gowrak mekdep okuwçysy we talyp hytaý dilini öwrenýär.
Özara gatnaşyklaryň beýleki ugurlarynyň hatarynda durmuş syýasaty we inklyziw bilim ulgamynda tejribe alyşmak bellenildi. Hususan-da, 2025-nji ýylyň awgustynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýeti aýratyn zerurlyklary bolan çagalary goldamak baradaky hytaý tejribesini öwrenmek üçin Hytaý Halk Respublikasyna sapary amala aşyryldy.
Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we sport ulgamynda hyzmatdaşlyk dowam edýär. Iki ýurduň döwlet teleýaýlymlarynyň arasynda teleradio mazmunyny alyşmak ýola goýuldy, degişli sport edaralarynyň we olimpiýa komitetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ähtnamalar gol çekildi.
Taraplar syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada hem maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda hytaý raýatlarynyň Türkmenistana toparlaýyn syýahatçylyk saparlaryny guramaga ýardam bermäge gönükdirilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň taslamasynyň üstünde işlenilýär. Iki ýurduň syýahatçylyk pudagynyň kärhanalarynyň arasynda eýýäm birnäçe göni şertnamalaryň baglaşylandygy bellenildi.
Sözüniň ahyrynda türkmen tarapy hytaýly hyzmatdaşlary 2026-njy ýylda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelere, şol sanda 14–16-njy aprelde geçiriljek «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna, şeýle hem noýabr aýyna meýilleşdirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara teatr festiwalyna gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda alyş-çalyşlary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
