MEDENIÝET

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet Kitaphanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky  Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani  we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi Döwlet Kitaphanasynyň başlygy Laçyn Nurmuhammedowa bilen duşuşdylar. Duşuşygyň çäginde medeniýet we ylym-bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra myhamanlar ”Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde ýerleşdirilen pars dilindäki kitaplar we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurt dillerine terjime edilen eserleri bilen tanyş boldular. Şeýle-de olar “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar we ilkinji çap edilen neşirler bilen tanyş boldular.

Duşuşygyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky  Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň pars diline terjime edilen nusgasyny, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi bolsa pars dilinde neşir edilen 40-dan gowrak eserleri sowgat berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçy” açyldy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

Arkadag şäheriniň kitaphanasynda «Azerbaýjan edebiýatynyň burçy» açyldy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günlerine badalga berildi

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri başlaýar