JEMGYÝET

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjüm baradaky habarlar bilen baglylykda, türkmen tarapy halkara howpsuzlygyna we durnuklylygyna howp salýan şeýle hereketler babatynda, aýratyn-da, gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly kadalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň şertlerinde aladalanma bildirýär we olary ýazgarýar.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesine eýe döwlet hökmünde Türkmenistan halkara meseleleriniň islendik görnüşini diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözmegiň zerurdygyny hemişe nygtaýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy

Related posts

Üçtaraplaýyn sammit: suw, energetika we ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Samarkant sammiti: Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy