JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon kompaniýalaryna birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi

“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýada bolýan Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow  öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy geçirdi.

Şol duşuşykda çykyş eden hormatly Prezidentimiz ýapon işewürleri üçin birnäçe möhüm teklipleri öňe sürdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýapon kompaniýalaryna birnäçe anyk başlangyçlara garamagy teklip etdi.

  • Birinjiden, galyndylary saýpallamagyň, gaýtadan işlemegiň we ikinji gezek peýdalanmagyň hasabyna olaryň ýörite bellenilen meýdançalara iberilýän möçberini mümkin boldugyça azaltmak maksady bilen, durmuş we gurluşyk galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça döwrebap zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmek teklip edildi.
  • Ikinjiden, hapa suwlary senagatda we jemagat hojalygynda gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berjek derejä çenli arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany amala aşyrmak başlangyjy öňe sürüldi
  • Üçünjiden, daşky gurşawda plastik galyndylaryň möçberini azaltmak hem-de polietileni ikinji gezek ulanmaga ibermek üçin plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň taslamasyny öwrenmäge taýýarlyk beýan edildi.
  • Dördünjiden, metal, plastik we elektron elementleri özünde jemleýän howply we uzak wagtlap dargamaýan galyndylaryň möçberini azaltmak maksady bilen, durmuş tehnikasyny gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodyň taslamasyny durmuşa geçirmek mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy