JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy

Tokioda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitinde Ýaponiýa bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşyldy.

   

Tokioda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde  Ýaponiýanyň imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Bu duşuşyk şu ýyldaky ikinji duşuşyk bolup, hormatly Prezidentimiz aprel aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparynda hem ýapon imperatory bilen duşuşypdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygyny geçirdi, şeýle hem Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga we Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşyklary geçirdi.

Ýapon işewürleri bilen geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça 11 sany resminama gol çekildi.

 

Related posts

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri

Abdullah Eren: türkmen ýaşlaryny Türkiýede bilim almaga çagyrýarys