JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Mekgede Gurbanlyk sadakasyny berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde şu gün Mekge şäherinde Gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu barada maslahat.gov.tm saýty habar berýär. 

Bu sadaka sapar bilen gelen türkmen wekiliýeti, şeýle-de häzirki wagtda mukaddes Käbede hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermeginde haj parzyny berjaý edip ýören ildeşlerimiz we ýerli dindarlar, arap doganlarymyz gatnaşdylar.

Sadakada tebärek çykyldy. Ondan soňra milli tagamlarymyz çekildi, sadaka gatnaşýan adamlara hezzet-hormat edildi. Duz-tagam dadylansoň, aýat-töwir okalyp, onda Milli Liderimiziň mukaddes, keramatly ýerde berýän Gurbanlyk sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi hem-de Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, halklaryň abadançylygy, parahatçylygy dileg edildi.

Related posts

1 ýewrodan öý satylýar

vepa

Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Putin: Russiýa 2030-njy ýyla çenli Hazar deňzini öwrenmek boýunça maksatnamany işläp düzer

Leave a Comment