«Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan» demir ýol kompaniýasy (Bilelikdäki taslama kompaniýasy) bilen Hytaý Halk Respublikasynyň banklar toplumy — şol sanda Hytaýyň Döwlet ösüş banky we Eksimbankyň arasynda ylalaşyk baglaşyldy.
Bellenilişi ýaly, demir ýol taslamasynyň umumy bahasy 4,7 mlrd ABŞ dollaryna barabardyr. Şol möçberiň ýarysy, ýagny takmynan 2,3 mlrd ABŞ dollary, Hytaý tarapyndan üç ýurduň gatnaşmagynda döredilen Bilelikdäki taslama kompaniýasyna 35 ýyllyk karz hökmünde berler. Bu möçberiň yzyna gaýtarylmagy göni Bilelikdäki taslama kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Galan 2,3 mlrd ABŞ dollary bolsa üç döwlet tarapyndan kompaniýanyň nizamnamalaýyn maýasyna aşakdaky paý gatnaşygynda giriziler: Hytaý — 51%, Gyrgyzystan we Özbegistan — hersi 24,5%.
Şeýle-de bellemek gerek, «Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan» demir ýolunyň gurluşygy sebitdäki iň tehniki we inženerçilik taýdan çylşyrymly taslamalaryň biridir. Taslamanyň çäginde umumy uzynlygy 120 kilometr bolan 50 köpri we 29 tunel gurmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ähli ýolunyň takmynan 40%-iniň tunellerden we köprülerden geçjekdigini aňladýar. Gyrgyzystanyň çäginde demir ýolunyň umumy uzynlygy 304 kilometre barabar bolar.
