SPORT

Abu-Dabide “Geljegiň oýunlary” atly halkara sport ýaryşyna badalga berildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide “Games of the Future” (Geljegiň oýunlary) atly halkara sport ýaryşynyň açylyş dabarasy dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň arasynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygynyň orunbasary Tatýana Golikowa, RF-niň sport ministri Mihail Degtýarew, öňki futbolçy Luiş Figu we köp sanly myhmanlara gatnaşdy.

Ýaryşlar 18-nji dekabrdan 23-nji dekabra çenli 11 ugur boýunça geçiriler. Olaryň hatarynda fijital-futbol, fijital-basketbol, fijital göreş sungatlary, fijital-şuterler, fijital tanslar, dron ýaryşlary we robotlaryň söweşi bar.

Umuman alanyňda, BAE-de geçirilýän Geljegiň oýunlaryna 30-dan gowrak ýurtdan 141 topar we takmynan 500 türgen gatnaşýar.

Geljegiň oýunlarynyň ilkinji tapgyry 2024-nji ýylda Kazan şäherinde geçirildi.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri