Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Telefon arkaly söhbetdeşlik Azerbaýjan Respublikasynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Tükrmenistanyň halkyny üstünlikler arzuw etdi.
Prezident Ilham aliýew 12-nji dekabrda Azerbaýjanyň umumymilli lideri Geýdar Aliýewi ýatlama gününiň geçirilýändigini belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşjakdygyny habar berdi.
Birnäçe gün mundan ozal, Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň Türkmenistana sapary barada belläp geçen Ilham aliýew Azerbaýjanyň wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin özüniň hoşallygyny bildirdi.
Prezident Ilham Aliýew Geýdar Aliýew gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň hyzmatdaşlygyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny aýtdy.
Şeýle hem Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly gatnaşmagyna Türkmenistanyň beren doly goldawy üçin hem hoşallygyny bildirdi.
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem özüniň mährili gutlaglaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, umumymilli lideri Geýdar Aliýewi ýatlama güni mynasybetli özüniň duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy umumymilli lideri Geýdar Aliýewiň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşandynyň bardygyny belldi.
Öz gezeginde Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň Türkmenistana saparynyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen duşuşygynyň, gol çekilen möhüm resminamanyň uly ähmiýetini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly gatnaşmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
