JEMGYÝET

Mýanmanyň we Eswatininiň Premýer-ministrleri Aşgabada geldi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletlerinden myhmanlaryň gelmegi dowam edýär.

Eswatininiň Premýer-ministri Rassel Dlamini hem-de Mýanmanyň Premýer-ministri Nýu So Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi.

Daşary ýurtly myhmanlaryň Aşgabada gelmegi dünýä döwletleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasydyr.

Aşgabatdaky forum dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine möhüm meýdança bolup hyzmat eder.

Related posts

Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda 3 baýraga mynasyp boldy

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

12000 manat bayrakly bäsleṣik 5-nji ýanwarda jemlener