JEMGYÝET

«Çüý pälwan» Ginnese girer

Gazagystanly pälwan Sergeý Sirulnikow eli bilen tagta çüý kakmak boýunça bütindünýä rekordyny täzeledi. Ýakyn günlerde onuň adynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegine garaşylýar.

Gazak metbugatynda ýazylyşy ýaly, dünýäniň birnäçe gezek çempiony S.Sirulnikow 10 sany çüýi tagta bary-ýogy 48 sekuntda kakdy. Mundan ozalky rekord russiýaly türgene degişli eken. Ol 10 çüýi tagta 2 minudyň dowamynda kakyp bilipdir.

Ýakynda Sirulnikow Petropawlowsk şäherinde geçirilen dabarada bir elinde adam götermek boýunça hem haýran galdyryjy netije görkezdi. Ol bir elde 105 kilogram agramlygyndaky birini göterdi.

Related posts

14-nji fewral – halkara kitap sowgat etmek güni

Ata Watan Eserleri

8-12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň merkezi köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ata Watan Eserleri

Söwda we jemgyýetçilik iýmit kärhanalarynyň çäklendirme möhleti

Ata Watan Eserleri