JEMGYÝET

Bir baş üzüm 11 müň dollara satyldy

Ýaponiýanyň Isikawa auksionynda «Ruby Roman» görnüşli üzümiň bir başy ABŞ-nyň 11 müň dollaryna satyldy diýip, dünýä metbugaty habar berýär.

Ýöne bu-da heniz «elýeterli». Sentýabr aýynda bu üzümiň ýekeje başynyň bahasynyň 26 müň dollara çykmagyna garaşylýar. Çünki «Ruby Roman» dünýäniň gymmat üzümidir.

Ýaponiýaly alymlar üzümiň bu görnüşini 1994-nji ýylda ösdürip ýetişdirdiler. Ýöne ol diňe 14 ýyldan soň, 2008-nji ýylda satylyp başlandy. Iri däneli, gyzyl-ýakut reňkli üzümiň tagamy juda şirindir.

Related posts

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogyna başlyklyk eder

Ata Watan Eserleri

Çagalar üçin “peýdaly oýunlar” : Iňlis, Rus we Türkmen dillerinde