Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 03-nji dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallara täze mümkinçilikler bilen baýlaşan gün garaşýar. Iş ýertlerinde täze taslamalar ýa-da jogapkärçilikler ýüze çykyp biler. Bu ýagdaý ilkinji gezek kyn ýaly görünse-de, siziň çemeleşmegiňiz netijesinde üstünlik ähtimallygy ýokarydyr.Güniň ikinji ýarymynda maşgalaňyzyň goldawyny duýarsyňyz.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlar üçin 3 dekabr psihologiki taýdan durnukly we sazlaşykly geçer. Başlap goýan işleriňizi dowam etdirmek üçin amatly pursat. Öňiňizde goýan maksatlaryňyzyň birine ýetip bilersiňiz. Ýakynlaryňyz bilen düşünişmezlik peýda bolup biler, ýöne dogruçyl we ýuwaş gürrüňdeşlik ähli meseläni çözer. Saglyk taýdan dynç almak maslahat berilýär.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Jöwzalara täzelikler bilen doly gün garaşýar. Işde döredijilikli pikirler öňe çykyp biler we ýolbaşçylaryň ünsüni çekip bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, täze ýagdaýlara çalt uýgunlaşmak gerek. Dostluk gatnaşyklarynda käbir garaşylmadyk habarlar gelip biler. Günün dowamynda edilen sapar ýa-da gepleşik peýdaly bolar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanlar üçin duýguçyllyk ýokary boljak gün. Maşgala gatnaşyklarynda ünsli we sabyrly bolmak maslahat berilýär. Işde täze teklipler ýa-da birnäçe üýtgeşiklik bolup biler, ýöne olaryň hemmesi siziň peýdaňyza bolar. Maliýe taýdan çykdajylary düzüwleşdirmegiň wagty geldi. Güniň ikinji ýarymynda saglygyňyza biraz üns beriň.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Esetler üçin üstünlikli gün. Energiýaňyz ýokary, döredijiligiňiz hem güýçlener. Işde öňe gidişlik gazanyp bilersiňiz, hatda öňden bäri meýilleşdiren işleriňizi hem üstünlikli amala aşyp bilersiňiz. Şahsy gatnaşyklar durnukly bolar ýakyn adamyňyz bilen araňyzda güýçli düşünişmezlik döräp biler.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleler üçin tertiplilik we ykjamlyk günüdir. Bu gün işleriňizi dogry meýilleşdirseňiz ähli zat siziň isleýşiňiz ýaly bolar. Işde hasaplaşyk ýa-da resmi işler bilen meşgullanmak üçin amatly.Güniň ikinji ýarymynda saglyk ýagdaýyňyza seretmek dynç almak maslahat berilýär. Maşgala gatnaşyklarynda oňyn energiýalar bar.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Mizanlar üçin deňagramlylygyň möhüm boljak güni. Karar kabul etmekde iki ýana çekilmek mümkin, ýöne ýagdaýy pikirlenip hereket etseňiz ähli zat ýerbe-ýer bolar. Günün dowamynda täze tanyşlyklar bolup biler. Iş bilen maşgala arasyndaky deňagramy goramak möhüm. Günortadan soň döredijilikli işler size güýç berer.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Akraplar üçin güýçli hereketli gün. Işde öňden bäri çözülmän galan meseleleri netijeli çözmäge mümkinçilik döreýär. Öz pozisiýaňyzy dogruçyl we berk beýan etmegiňiz üstünlik getirip biler. Maliýe taýdan amatly teklip ýa-da täze girdeji çeşmesi ýüze çykyp biler.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Kowuslara täzeden ruhlandyrýan gün garaşýar. Täze maglumat almak, kitap okamak size uly güýmenje we peýda getirip biler. Işde täze başlan taslamaňyz üstünlikli dowam eder. Dostlaryňyz ýa-da ýakynlaryňyz size goldaw bererler . Güniň ikinji ýarymynda syýahat ýa-da gezelenç etmek ruhy güýjüňizi artdyrar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler üçin bu gün jogapkärçiligi talap edýän gün. Möhüm duşuşyklar, gepleşikler ýa-da resminama bilen baglanyşykly işler ýüze çykyp biler. Diňe bar bolan zatlary iki gezek barlamak maslahat berilýär. Güýçli logika we dogry kararlar size üstünlik gazanmaga kömek eder.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlar üçin döredijilikli we täze pikirler bilen doly gün garaşýar. Işde üstünlik gazanmak üçin giň mümkinçilikler bolar. Şol bir wagtyň özünde dostlaryňyz ýa-da işdeşleriňiz bilen bilelikde täze taslama başlamak hem mümkin. Şahsy durmuşyňyzda ýakymly gürrüňdeşliklere garaşylýar.Güniň ikinji ýarymynda uzakdan garaşylmadyk gowy habarlary alyp bilersiňiz.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hutlar üçin içki rahatlygyň we pikirlenmegiň güni. Bu gün möhüm kararlar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz, şonuň üçin her zady pikirlenip seljermek gerek. Maliýe meselelerinde ätiýaçly çemeleşmek maslahat berilýär. Ýakynlaryňyzdan göwnüňizi göterýän sözleri eşdip bilersiňiz.
