SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

01-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                01-njy  dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.  

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün  Hamallaryň durmuşynda täze energiýa döreýär. Işde öňdäki maksatlaryňyzy has anyk görýärsiňiz, şonuň üçin häzirki mümkinçilikleri sypdyrmazlyk möhüm. Täze teklipler, özüňizi görkezmäge mümkinçilik berýän işler ýüze çykyp biler.Maliýe meselelerinde töwekgelçilikli ädimlerden gaça durmak maslahat berilýär. Duýgularda bolsa hyzmatdaşlygyň we düşünişmegiň möhümdigini unutmaň  ýakynlaryňyzyň goldawy size ruhlandyryjy täsir eder.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Sowurlar  üçin  bu gün durnukly hem netije berijidir. Işde dogry hereket etseňiz, öňde goýlan meýilnamalaryňyza ýetip bilersiňiz. Bu gün beriljek resmi gepleşikler, duşuşyklar, aragatnaşyklar gowy netijeleri berer.Maşgala gatnaşyklarynda rahatlyk höküm sürýär. Güniň ikinji ýarymynda maliýe taýdan üýtgeşmeler bolar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün täze habarlar, döredijilikli pikirler we teklipler sizi ruhlandyryp biler. Şeýle hem gürrüňdeşlikler, gepleşikler, taslamalar boýunça möhüm ädimleri  etmeli bolarsyňyz.Dost-ýarlaryňyz bilen aragatnaşyk güýçlener. Güniň ikinji ýarymynda  öz saglygyňyza üns bermegi unutmaň dynç almak hem zerurdyr.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Seretanlar üçin bu gün möhüm meseleleri içgin ara alyp maslahatlaşmak, çözgüt tapmak üçin iň gowy pursatlaryň biri. Işiňiz bilen baglanyşykly gowy habarlar bolup biler.Maşgala gatnaşyklarynda rahatlyk güýçlener. Ýakynlaryňyzyň size bolan mähri we goldawy psihologik taýdan güýçlendiriji täsir eder. Saglygyňyz boýunça ownuk meseleleri ünsden düşürmäň.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Iş ýeriňizde  size täze jogapkärçilik berlip bilner ýa-da möhüm kararlar kabul etmeli bolarsyňyz. Mümkinçilikler köp ýöne olar bilen dogry gatnaşyga girmek wajypdyr.Duýgy ugrundan bolsa, berk sözleşikler we emosional ýagdaýlar bolup biler. Ünsli boluň, pikirleriňizi düşnükli beýan etmäge çalyşyň  bu gatnaşyklarda parahatçylygynyň açary bolar. 

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Sünbüleleriň  bu gün üstünlikli hem döredijilik taýdan baý bolýar. Işde ünsüňizi talap edýän meseleleriňizi  çözüp bilersiňiz. Näçe köp tertipli hereket etseňiz, şonça gowy netijä ýetersiňiz.Şahsy durmuşyňyzda ownuk jedelleri aradan aýyrmak üçin amatly gün. Yza çekilen meseleler baradaky gürrüňleri parahatçylyk bilen çözmegiňiz mümkin. Saglygyňyza üns beriň  yzygiderli dynç almak peýda getirer.

 Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Mizanlaryň güni dürli duşuşyklara, gepleşiklere we aragatnaşyklara baý geçer. Täze tanyşlyklar peýdaly bolup biler, öňki gatnaşyklary dikeltmek hem mümkin. Resmi işleriňiz hem  ýeňil geçer.Şeýle hem güniň ikinji ýarymynda emosional taýdan hem güýçli bolarsyňyz.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Bu gün işiňizdäki mümkin bolan kynçylyklary ýeňip geçip bilersiňiz. Üstünlikleriňiz ýolbaşçylaryň ýa-da töweregiňizdäki adamlaryň ünsüni çeker.Maliýe taýdan akylly we sabyrly ädimler üstünlik getirer. Duýgy gatnaşyklarynda bolsa  ýakynlaryňyzyň goldawy sizi ruhlandyrar.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Täze maksatlara başlamak, täze ugurlary öwrenmek we syýahat bilen baglanyşykly işler boýunça hoş habarlar almagyňyz mümkin.Duýgy taýdan durnuklylyk bolar. Günüň dowamynda özüňizi güýçli duýarsyňyz. Ähli zat ýerbe-ýer bolar we täze mümkinçilikler açylar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01) 

Jediler  üçin bugünkü gün jogapkärçilikli we çynlakaý geçer. Işde öňe gidişlik gazanmak üçin möhüm gürrüňler, duşuşyklar bolup biler. Hemme zady çynlakaýlyk bilen kabul etmegiňiz size üstünlik getirer. Güniň ikinji ýarymy maliýe taýdan durnukly gün bolar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Daluwlar üçin döredijilikli pikirler we täze başlangyçlar üçin amatly gün. Işiňizdäki täzelikler sizi ruhlandyryp biler. Täze taslamalara girişmekden çekinmäň  netijesi  has gowy bolar.Dostlar bilen gatnaşyklaryňyz öňküsinden güýçlener.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Bu gün size  işde  sabyrlylyk talap edýän ýagdaýlar bolup biler.Günüň ikinji ýarymy döredijilikli işler üçin has amatlydyr.Duýgularda parahatçylykly atmosfera höküm sürer. Ýakynlaryňyz bilen düşünişmek ýeňilleşer. Saglygyňyzda bolsa özüňize artykmaç ýük almaň.

Ýene-de okaň

2025;Hepdelik täleýnama (01-njy-07-nji dekabr )

02-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

29-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

28-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

27-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama