BILIM

Türkmenistan-Özbegistan: emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirer

Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministri Kongratbaý Şaripow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar hünärmenleriň taýýarlagy, tejribe alyşmak, bilelikdäki okuw maksatnamalaryny ýola goýmak we özara gyzyklanma döredýän ugurlarda ylmy-barlag taslamalaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, hyzmatdaşlygyň şu aşakdaky ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy:

* mugallymlaryň we talyplaryň alyş-çalyşy, gysga möhletli tejribelikleri gurnamak, “Erasmus+” maksatnamasynyň çäginde bilelikdäki taslamalaryň sanyny artdyrmak;
* oba hojalygy ugry boýunça iki diplomly okuw maksatnamalaryny ýola goýmak;
* 2026-njy ýylda Özbegistanda “WorldSkills” çärelerini bilelikde geçirmek;
* oba hojalygy, irrigasiýa tehnologiýalary, çöl ýerlerini meliorasiýa etmek, ýaşyl energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, maglumat tehnologiýalary we emeli aň ýaly ugurlarda bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmak;
* bilelikdäki okuw maksatnamalaryny ornaşdyrmak we tehnoparklaryň hyzmatdaşlygyny berkitmek.

Baýramgül Orazdurdyýewa ýurtlarymyzyň arasyndaky özara ynama esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini belläp, bu ugurda bilelikdäki başlangyçlary goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bilelikdäki iş toparyny döretmek we 2025–2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “ýol kartasyny” taýýarlamak barada ylalaşdylar. Bu meýilnama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdiriler.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar