BILIM

“Açyk gapylar”: Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2022 — 2023-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 3-nji maýynda sagat 15:00-da uniwersitetimiziň baş binasynda ýerleşýän mejlisler zalynda «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.
«Açyk gapylar» gününde ýaşlar ýokary okuw mekdebimiz bilen ýakyndan tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin gerekli resminamalar, okuw mekdebimizde taýýarlanýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, bejeriş hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

Uniwersitetimiziň salgysy:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 18-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-98-51; 48-98-52.

“Açyk gapylar”: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Related posts

Orta hünär okuw mekdepleriniň “Talyp gözeli” bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Talyp-2022: Ýokary okuw mekdepleri boýunça ähli habarlaryň jemlenen ýeri

Owgan demirýol işgärleri Türkmenistanda hünär kämilligini artdyrar

Ata Watan Eserleri