2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Annamammet Annaýewiň Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan interwýusy Rumyniýanyň GeoPolitica žurnalynyň (Revista GeoPolitica) resmi web sahypasynda çap edildi. Bu söhbetdeşlik, Türkmenistan bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasyndaky konstruktiw gepleşikleri goldamaklyk we özara düşünişmegi güýçlendirmeklik ugrundaky möhüm goşantlaryny şöhlelendirýär.
Bu söhbetdeşligiň dowamynda möhüm mowzuklaryň giň toparyna seredildi. Ilçi Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň möhüm taraplaryny hem-de parahatçylyga, durnuklylyga we bitaraplyga taryhy ygrarlylygyny beýan etdi. Türkmenistanyň sebit we global derejedäki meselelerde ileri tutulýan geosyýasy we geostrategiki ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň aýratyn bölegi, Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýylyna (2025), onuň esasy maksatlaryna hem-de gepleşikleri ösdürmegiň we dünýä arenasynda ynanyşmagyň ähmiýetini güýçlendirmegiň wajyplygyna bagyşlandy. Ilçi, şeýle hem, Türkmenistanyň energiýa çeşmeleri we ýurduň energiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek babatdaky strategiýasy barada giňişleýin maglumat berdi.
Mundan başga-da, söhbetdeşligiň dowamynda türkmen däp-dessurlary barada durulyp geçildi hem-de Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary barada giňden beýan edildi.
GeoPolitica web sahypasyndaky bu neşir, okyjylara, häzirki wagtda möhüm taryhy wakany başdan geçirýän Türkmenistanyň syýasaty, onuň ileri tutulýan ugurlary we hyzmatdaşlygy barada giňişleýin we aýdyň maglumatlary hödürleýär.
