DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda ylalaşyga gol çekildi

Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kanda Türkmenistanda saparda boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, duşuşykda Aziýanyň ösüş banky bilen Türkmenistanyň arasyndaky 25 ýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy. Hususan-da, Aziýanyň iri maliýe edarasynyň Türkmenistanda amala aşyran taslamalary, şol sanda energetika, saglygy goraýyş we beýleki pudaklardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kanda saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirdi. Masato Kanda Türkmenistanyň Merkezi bankynda duşuşyklar geçirdi.

Şonuň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryna gol çekmek dabarasy boldy.

  • Aşgabat şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda ylalaşyga
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda tehniki kömek babatda hyzmatdaşlyk barada resminama gol çekildi.

Şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kanda saparynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebine baryp gördi.

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi