MEDENIÝET

Aşgabatda Eýranyň miniatýura surat çekme we altyn çaýma sungaty boýunça ussatlyk sapaklary

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda miniatýura we altyn çaýma sungaty boýunça ussatlyk sapaklarynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu okuw çäresi Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Eýranyň Medeniýet merkezi tarapyndan guraldy.

Dabaralara Eýranyň medeniýet boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory, şeýle hem çagyrylan halypalar – miniatýuraçy suratkeş Saýede Haşemi we altyn çaýma sungatynyň ussady Najme Hosseýni gatnaşdylar.

Çykyş edenler 2024-nji ýylda şeýle ussatlyk sapaklarynyň üstünlikli geçirilendigini belläp, iki dostlukly we doganlyk ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň günden-güne berkäp barýandygyny nygtadylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we medeni alyş-çalyşa täze itergi bermek üçin şeýle çäreleriň iki ýurtda yzygiderli geçirilmeginiň zerurlygy hem bellendi.

Açylyş dabaradan soň, çärä gatnaşyjylar Eýranly hünärmenleriň we geçen ýylda ussatlyk sapaklaryna gatnaşan türkmen talyplarynyň işleriniň sergisine aýlanyp gördüler.

Soňra myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Altyn gaznasynyň» gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde dürli ýyllarda akademiýanyň talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen iň gowy işleriň ýygyndysy görkezilýär. Sungat eserleri bilen tanyşmak Eýran wekiliýetinde tüýs ýürekden haýran galmany döretdi.

Täze ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi ýaş talyplar we mugallymlar üçin peýdaly tejribe boljakdygy şübhesizdir. Eýran Yslam Respublikasyndan gelen hünärmenleriň ussatlyk sapaklary 10-njy noýabra çenli dowam edip, gadymy sungaty öwrenmek we özleşdirmek üçin aýratyn mümkinçilik döreder.

Ýene-de okaň

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär

2025-nji ýylyň Buker baýragyny wenger-britaniýaly ýazyjy Dewid Soloý gazandy

Türkmen-özbek dostluk agşamy