IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem etrabynyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenbaşy etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýynda Bilim bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýynda Bilim bölüminiň binasy.

 Habarlaşmak üçin: +993243 79936; +993243 79937;

Ýene-de okaň

Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär