JEMGYÝET

Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen mähirli gutlap, oňa berk jan saglygy we abadançylyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmen-özbek dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň wajyp meselelerine seredildi.

Netijeli syýasy gepleşikleriň we pudagara gatnaşyklaryň okgunly ösüşine çuňňur kanagatlanma bildirildi.

Haryt dolanyşygyny artdyrmak, senagatda we energetikada hyzmatdaşlyk taslamalaryny ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.

“Şawat-Daşoguz” söwda zolagynyň gurluşygy tamamlanmak bosagasynda durýar. Şeýle hem, sebitleriň forumyny, sergini, Türkmenistanyň Özbegistandaky medeniýet we kino günlerini geçirmek meýilleşdirildi.

Sebit gün tertibiniň möhüm ugurlary we ýokary derejedäki meýilleşdirilýän çäreleriň tertibi hem gözden geçirildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini we halkyny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy