JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýandygyny nygtap, maýa goýum we tehnologiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn bellediler.

ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirýän we işewür gatnaşyklaryň giňelmegine ýardam edýän Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ähmiýeti tassyklanyldy. Şeýle hem, taraplar özara gyzyklanma bildirýän halkara we sebit gün tertibiniň birnäçe ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkiýedeki türkmen raýatlary barada maglumat almak üçin telefon belgileri

Dünya Şampiyonası tamamlandı : Çin Madalya Lideri

vepa