“Makul English–Turkmen Dictionary: General, Law, Business, Medicine, AI, Sports” atly sözlük dünýäniň iň iri onlaýn kitap dükany bolan “Amazon” platformasynda ýokary derejelere çykmagy başardy.
“Amazon”-yň “Vocabulary Books” bölüminiň täze çykýan kitaplar sanawynda bu sözlük ilkinji günlerinde #1-nji orny eýeledi. Şeýle hem birnäçe aýratyn kategoriýada öňe saýlandy:
-
#9 – Science & Technology Law (Books) bölümi,
-
#90 – Slang & Idiom Reference Books bölümi,
-
#117 – English Dictionaries & Thesauruses bölümi.
481 sahypadan ybarat sözlük, umumy, hukuk, biznes, lukmançylyk, emeli intellekt we sport ýaly ugurlary öz içine alýar. Kitap 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 6-da resmi taýdan neşir edildi we gysga wagtyň içinde dünýäniň dürli künjeginden alyjylaryň uly gyzyklanmasyny gazandy.
Bu üstünlik diňe bir türkmen diliniň halkara derejesinde tanadylmagyna däl, eýsem emeli intellekt döwründe milli dil baýlygyny dünýä ýetirýän möhüm goşant hökmünde hem bahalandyrylýar.

“Makul sözlük” bilen türkmen dili dünýä dillleriniň arasynda täze bir basgançaga çykdy diýip buýsanç bilen aýdyp bolar.

Bellemeli zat, bu maglumat sagatsaýyn üýtgäp duran maglumat bolup, ekran suraty 2025-nji ýylyň 11-nji sentýabr güni 11 Kaliforniýa ýerli sagady bilen 14:00 sagadyndaky ýagdaýdyr.
RESMINAMALARYŇ TERJIMESI ÜÇIN: MAKUL HYZMAT
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com